Komitetler

DABARALY MASLAHAT

Türkmen bedewiniň milli baýramçylygynyň öňýanynda BM-Gniň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab kwartirasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýene iki düzümiň—Ykdysady we durmuş Geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we ösüşiň bähbidine Ylym we tehnika boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanandygy barada hoş habar gelip gowuşdy. Şu mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynda geçirilen dabaraly maslahatda munuň özüniň Gahryman Arkadagymyzyň daşary we içeri syýasatynyň ýokary netijeliliginiň dünýä bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe bolýandygynyň, ýurdumyza ýokary baha berilýändiginiň nobatdaky subutnamasydygy buýsanç bilen bellenildi.

Babajyk BABAJYKOW,

TDP-niň Daşoguz welaýat komitetiniň bölüm müdiri.