Komitetler

ÖŇDE TÄZE WEZIPELER

TDP-niň Tejen şäher komitetiniň şäheriň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde geçiren ýygnagynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öňde goýan täze wezipelerini berjaý etmegiň meseleleri giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Onda ýurdumyzyň konstitusion esaslaryny berkitmek we döwlet dolandyryşynyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň kabul eden möhüm çözgütlerinden, şeýle hem, «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» durmuşa geçirmek boýunça alnyp barylýan işleriň jemlerinden gelip çykýan wezipeler barada gürrüň edildi hem-de degişli işleri köpçülikleýin ýerine ýetirmäge girişildi.

Mekanmyrat TAGANOW,

TDP-niň Tejen şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.