Komitetler

DEMOKRATIK ÝÖRELGELER

Gahryman Arkadagymyzyň taryhy başlangyçlary bilen, eziz Diýarymyzyň syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň kanunçylyk binýadyny pugtalandyrmaga, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk hem kämilleşdirmäge aýratyn üns berilýär.

Milli Liderimiz şu ýylyň 19-njy awgustynda geçirilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek boýunça Konstitusion toparyň mejlisinde eden çykyşynda şeýle belledi: «Biziň amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralaryň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden ybaratdyr. Şeýle hem kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmek, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdyr».

Şu ýylyň 11-nji fewralynda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Mejlisinde deputatlar düzümi bilen duşuşygynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygy bellenilýän şu ýylda Milli Parlamentiň işiniň esasy ugurlary anyklaşdyryldy. Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň, ilkinji nobatda, alyp barmaly işleri düşündiriş çärelerini giňden ýaýbaňlandyrmakdan ybaratdyr. Biziň maksadymyz, ilki bilen, hormatly Prezidentimiziň jemgyýetimizi demokratiýalaşdyrmagy has çuňlaşdyrmak bilen bagly bu taryhy başlangyjynyň maksatlary barada halkyň arasynda anyk düşünjeleriň we garaýyşlaryň döremegini we bu syýasy-hukuk özgertmesiniň hem-de onuň döwleti we jemgyýeti dolandyrmagy döwrebaplaşdyrmakdaky ähmiýetine doly düşünilmegini gazanmakdan ybaratdyr.

Gahryman Arkadagymyzyň Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça öňe sürýän başlangyçlary, bu babatda ileri tutulýan ugurlar we maksatlar, öňde duran wezipeler barada aýdýanlary, durmuş syýasaty bilen bagly konstitusion kadalary kämilleşdirmek we täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmak babatda amala aşyrýan işleri uly ähmiýete eýedir. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň durmuş-ykdysady we syýasy durmuşynda bolup geçýän düýpli özgertmeler bilen bagly 2008-nji we 2016-njy ýyllarda konstitusion özgertmeler amala aşyryldy. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, jemgyýetiň we döwletiň durmuşynyň ähli ugurlarynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeleri kanunçylyk taýdan berkitmäge hem-de Esasy Kanunymyzy döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge mümkinçilik berdi. Täze taryhy eýýamda häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýän kanunlary kabul etmek we möhüm çözgütleri taýýarlamak döwletimiziň hukuk ulgamyny mundan beýläk-de kämilleşdirmäge we pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri döreder. Bu işler eziz Diýarymyzyň iň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň alyp barýan işleriniň netijeleriniň ýokarlanmagyna we bagtyýarlyk zamanamyzda tutýan ornunyň pugtalanmagyna ýardam berer. Şeýle hem ýurdumyzda demokratik başlangyçlaryň üstünlikli ösdürilmegini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Täzegül PIRSÝANOWA,

TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy,

Mary etrap Halk maslahatynyň agzasy,