Komitetler

DIÝARYMYZYŇ AÝDYŇ ERTIRINI NAZARLAP

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň gaýtadan işleýän pudaklaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, senagatyň täze ugurlaryny döretmäge uly üns berýär. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherindäki karbamid öndürýän zawodynda döwrebap tehnologiýalar esasynda ägirt uly önümçilik döredildi. Onda tebigy gazy gaýtadan işlemek esasynda ýokary ülňülere laýyk gelýän önüm öndürilýär. Garabogazdaky mineral dökünleri zawodynyň ulanylmaga berilmegi bolsa Türkmenistanyň himiýa senagatynyň kuwwatyny ençeme esse artdyrmaga, pudagyň eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Beýleki bir gazhimiýa toplumy deňizýaka welaýatyň Gyýanly şäherçesinde gurlan polietilen we polipropilen öndürýän zawoddyr.

Häzirki döwürde türkmen aýnasy hem birža eksport söwdalarynda uly islegden peýdalanýar. Sebitde deňi-taýy bolmadyk «Türkmen aýna önümleri» kärhanasy tehnologiýalar babatda innowasion önümçilige öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň bellemegine görä, şeýle önümçilikleriň döredilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň mundan beýläk de ösdürilmeginiň, onuň tehnologik kuwwatynyň artdyrylmagynyň esasy şertleriniň biri bolup durýar. Türkmenistanda elektron enjamlar senagaty hem ýokary depginler bilen ösýär, türkmen önüm öndürijileri hojalyk we durmuşda ulanylýan tehnikalardan başlap kompýuterlere çenli enjamlaryň täze görnüşleriniň önümçiligini özleşdirýärler. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň birinji synpa baran okuwçylary, däp bolşy ýaly, döwlet Baştutanymyzdan kompýuterleri sowgat aldylar.

Bular öz ýurdumyzda öndürilen önümlerdir. Milli Liderimiz eksport ugurly hem de importyň ornuny tutýan täze pudaklary ösdürmekde telekeçilige aýratyn ähmiýet berip, işewürlere halkara derejeli howa menzillerinden başlap awtobanlaryň, dag magdan baýlaşdyryjy senagat kärhanalarynyň gurluşygyna çenli örän jogapkärli taslamalary durmuşa geçirmegi ynanýar. Türk men işewürligi ýeňillikli karzlar we salgytlar görnüşinde saldamly döwlet goldawy netijesinde okgunly ösüşe eýe boldy.

Eziz Diýarymyzyň häzirki zaman ösen ykdysadyýetini döretmäge, demokratik hukuk döwletiniň gymmatlyklaryny berkarar etmäge hem-de ýurdumyzyň her bir raýatyna hyzmat etmäge gönükdirilen döwlet ulgamyny kemala getirmäge, ýokary ýaşaýyş derejesini üpjün etmäge gönükdirilen kuwwatly durmuş syýasatyny alyp barýan hormatly Prezidentimiziň ömri uzak, jany sag bolsun!

Akmämmet ŞIRMÄMMEDOW,

TDP-niň Magtymguly etrap komitetiniň başlygy.