Komitetler

DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Türkmenistanyň Mejlisiniň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Büzmeýin etrap geňeşiniň guramagynda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrabyndaky 98-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň hem-de mugallymlarynyň arasynda «Ýaşlar — döwletiň baýdak göterijileri» atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada alyp barýan döwlet syýasaty hakynda buýsanç bilen bellediler. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda ýaşlaryň bilim almaklary, okamaklary, işlemekleri, ilhalar adamlar bolup ýetişmekleri, sport bilen meşgullanmaklary üçin uly işler alnyp barylýar. Bular barada duşuşyga gatnaşyjylar belläp geçdiler.

Wepa BERDIÝEW,

TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň bölüm müdiri.