Komitetler

AÝDYM-SAZLY DABARA

TDP-niň Magtymguly etrap komitetiniň etrabyň medeniýet bölümi bilen bilelikde geçiren aýdym-sazly dabaraly çäresi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyna bagyşlandy. Etrabyň Medeniýet öýünde guralan bu çärä ýerli edara-kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, ýaşulular hem-de ýaşlar gatnaşdylar. Çykyş edenleriň nygtaýşy ýaly, 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip atlandyrylmagy Watanymyzyň Bitarap döwlet hökmünde sebitde tutýan möhüm ornuny, toplan syýasy tejribesini, döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyny giňden wagyz etmekde hemde ýurdumyzyň halkara abraýyny has-da artdyrmakda uly ähmiýete eýe bolýar.

Tuwak SEÝITGULYÝEWA,

TDP-niň Magtymguly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.