Komitetler

ÇEKSEŇ ZÄHMET ÝAGAR REHNET

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe oba hojalyk işgärleriniň arman-ýadaman işlemekleri üçin ähli aladalar edilýär. Şu günler ýerlerde gyzgalaňly orak möwsümi dowam edýär. Gallanyň wagtynda ýygnalmagy üçin hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän kuwwatly kombaýnlaryna daýanylýar. Kombaýnlar ýygymdan öň gözden geçirilip, oňa tejribeli mehanizatorlar berkidilýär. Mehanizatorlar iş çalşygy esasynda işläp, ýer eýeleriniň alkyşly sözlerine mynasyp bolýarlar. Guralýan zähmet ýaryşlarynyň ýeňijilerine ruhlaryny götermek, armasyny ýetirmek maksady bilen ýadygärlik sowgatlar gowşurylýar.

Golaýda TDP-niň welaýat we Murgap etrap komitetleri tarapyndan kombaýnçylara sowgatlar gowşuryldy. TDP-niň welaýat komitetiniň guramaçysy Mekan Meşşäýew Murgap etrap komitetiniň başlygy Gurbangül Mädenowa bilen ýygymda has tapawutlanan kombaýnçylara sowgatlary gowşurdy we mundan beýläk hem işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Sowgada mynasyp bolan — Maksat Öwlýagulyýew, Omar Mäliýew, Atamyrat Lallyýew özleri barada alada edilýändigi üçin hoşallyklaryny bildirip, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny arzuw etdiler. Mundan beýläk hem işlerinde halal zähmet çekip, ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösüşine goşantlaryny goşjakdyklaryna ynandyrdylar.

Biz hem kesbinden kemal tapýan kombaýnçylara zähmet üstünlikleriniň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Durdynabat BAÝRAMOWA.

«Maruşahu jahan» gazeti.