Komitetler

ELEKTRON KITAPHANA

Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde medeniýet ulgamynyň aýratyn ugry bolan kitaphana işini döwrebap özgertmek, ýaşlary çeper döredijilige höweslendirmek we bu ulgamy kämilleşdirmek babatda ençeme kararlar, maksatnamalar kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň Merkezi kitaphanalarda innowasion ösüşleri, ylmy açyşlary, Watanymyzyň täze tehnologiýalaryň ösen ýurduna öwrülmegini, döwrüň öňegidişlikleri bilen deň gadam urmagyny nazarlaýan bitewi elektron kitaphana ulgamyny döretmek hakynda kabul eden Karary kitaphana işini dünýä ölçeglerine laýyklykda ýola goýmaga döwrebap şertleri döretdi.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýaty boýunça kitaphanalaryň 13-si bitewi elektron ulgama birleşdirildi. Ulgama birikdirilen şol kitaphanalaryň islendiginden ýurdumyzyň şular ýaly ulgamda bolan kitaphanalarynyň kitaplary bilen tanyşmak bolýar. Ilatyň öwrenmek, bilim almak, okamak islegini döwrebap derejede kanagatlandyrmakda, kitaby saýlamakda, gözlemekde wagty tygşytlamak ýaly mümkinçilikleri özünde jemleýän bu ulgam kitaphana işiniň has kämilleşmegini üpjün edýär.

Elektron kitaphanalar maglumatlaryň giňligini, islendik wagtda we islendik ýerde elýeterliligini üpjün edýär. Elektron kitaphana ulgamy öz maglumat çeşmelerini islendik ulgama birikdirip bilýär. Ýöne bu olaryň bitewi bir ulgamdygyny aňlatmaýar. Elektron kitaphana ulgamynyň esasy aýratynlyklary ol ýa-da beýleki habarlara hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna köpugurly çemeleşmäge mümkinçilik berýär. Resminamalaryň köpüsi bilen birbada tanyşmaga, köp sanly maglumatlarda köpugurly gözlegi amala aşyryp, gysga wagtda iň degerlisini saýlamaga şert döredýär. Elektron kitaphanalary maglumaty, habary kagyza çap etmäge, göçürmesini almaga ýa-da belli bukjada ýerleşdirmäge mümkinçilikleri döredýär.

Elektron kitaphanalarda netijeli ugrukdyryjylaryň işjeň peýdalanylmagy ulanyja maglumat giňişliginde gysga wagtyň içinde özüne geregini we ygtybarlysyny saýlamaga giň şert döredýär. Şonuň ýaly-da, maglumat giňişligindäki çeşmeleri seljermegi ýa-da elektron poçtanyň üsti bilen maglumaty başga birine ugratmagy örän gysga wagtyň içinde amala aşyryp bolýar. Elektron kitaphanalar ulgamynyň ýene-de esasy aýratynlyklarynyň biri ondaky maglumat çeşmelerinden öýjükli telefonlaryň üsti bilen hem peýdalanyp bolýanlygydyr. Islendik ýerde kompýuterleriň, öýjükli telefonlaryň üsti bilen edebi kitaplary okap, ylmy işler bilen tanşyp bolmagy tehnologiýanyň ösýän döwründe ýaşlaryň döwrebap bilim almaklarynda uly ähmiýete eýedir.

Elektron kitaphanalaryň gory adaty kitaphanalaryň işiniň awtomatlaşdyrylmagy, ozal neşir edilen kitaplaryň elektron görnüşleriniň döredilmegi bilen baýlaşýar. Sözüň doly manysynda, elektron kitaphanalaryň ösmegi, edebiýat gorunyň köpelmegi, ilkinji nobatda, kitaphana işiniň elektron görnüşe geçmegini guramak hem-de ulanyjylar köpçüligine barha giň ýaýramak bilen şertlendirilýär.

Ýurdumyzda elektron kitaphana ulgamyny peýdalanmagy giňeltmek hem-de ösdürmek, onda dünýä tejribesiniň gazananlaryndan peýdalanmak we sanly bilim ulgamyndaky döwrebap tehnologiýalardan doly baş alyp çykmak bu işiň has-da ilerlemegine badalga berýär.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda innowasiýa işiniň döwrebap guralmagy we ösdürilmegi netijesinde halkymyzyň, hususan-da, ýaşlaryň bilim almak, ylym öwrenmek mümkinçilikleri yzygiderli ýokarlanýar. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň innowasiýalar arkaly ýaşlara bilim-ylym öwretmek işlerini has-da kämilleşdirmek üçin alyp barýan toplumlaýyn işleri ýokary netijeleri berýär.

Selbinýaz KULLAÝEWA,

Köneürgenç etrap Merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, TDP-niň işjeň agzasy.