Komitetler

ENE TOPRAGA BELENT SÖÝGI

Daşky gurşawy goramak, tebigata aýawly garamak, onuň baýlyklaryny geljekki nesiller üçin aýawly saklamak hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr. Bagtyýar durmuşymyzyň möhüm şertleriniň biri bolsa ekologiýa abadançylygydyr. Goýry baglar bereketli topragymyzyň gaýtalanmajak gözelliginiň hem-de halkymyzyň döredijilikli zähmetiniň, eziz Watanymyzyň täze taryhy eýýamda gazanan üstünlikleriniň miwesi bolup ömrümize şugla saçýar.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki giň meýdanlarda baglyk tokaýlar çar tarapa ýaýylyp ýatyr. Gahryman Arkadagymyzyň Kararyna laýyklykda, eziz Diýarymyzda her ýylda agaç nahallarynyň millionlarça düýbi, sebitlerde hem saýaly, pürli, miweli agaçlaryň we üzümiň şonça möçberi ekilýär. Munuň özi Watanymyzda ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramak we beýleki möhüm meseleler bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Ýurdumyzda kanunçylyk namalarynyň tutuş toplumy, şol sanda Türkmenistanyň Tokaý kodeksi, ösümlik we haýwanat dünýäsi, aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky kanunlar hem-de  beýleki möhüm resminamalar tebigaty goramak ulgamynda öňde goýlan wezipeleri toplumlaýyn çözmäge ýardam edýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmegiň bähbidine Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şol resminamada senagat düzüminiň okgunly ösmegi, ulag kommunikasiýalar ulgamynyň has giňelmegi, şäherleriň hem-de  täze ilatly ýerleriň ýokary depginlerde ösmegi bilen baglylykda, ýaşyl zolaklaryň işjeň giňeldilmegi göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz adamlaryň saglygyny goramagyň, ýaşaýyş durmuşy we dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmegiň möhüm şerti hökmünde Milli tokaý maksatnamasyny durmuşa geçirmäge aýratyn üns berýär we oňa ýurdumyzyň ähli ilaty işjeň gatnaşýar. Alymlaryň we hünärmenleriň maslahatlaryna görä, ýollaryň ugrunda hem-de  şäherleriň hem-de obalaryň golaýynda ekilýän pürli agaçlar daşky gurşawy zyýanly gazlardan we tozan garyndylaryndan 6 — 7 esse köp hem-de çalt arassalaýandygy, adamlaryň saglygyna oňat täsir edýändigi bilen tapawutlanýar.

Halkymyz asyrlaryň dowamynda daşky gurşaw bilen bitewülikde we sazlaşykda ýaşapdyr. Dünýä siwilizasiýasynyň gadymy ojaklarynyň biri bolan Watanymyzyň tebigy şertleri, dag çeşmeleri, sahawatly topragy, amatly howa ýagdaýy ýerli ösümlik dünýäsiniň baýlaşmagyna itergi berýär. Geçirilen arheologik gazuwagtaryş işleriniň netijeleri ýurdumyzyň çäginde gadymy döwürlerde gülläp ösen suwarymly ýerleriň bolandygyny, ata-babalarymyzyň bolsa ekerançylyk bilen meşgullanyp, miweli agaçlary ösdürip ýetişdirendiklerini subut edýär. Biziň günlerimizde hem ülkämiziň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek üçin ählihalk bag ekmek dabarasy yzygiderli geçirilýär. Ýaňy ýakynda Watanymyzda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasynda-da dürli agaç nahallarynyň 473 müň 126-sy ekildi we meýdanlarda ozal ekilen agaçlara ideg etmek işleri geçirildi. Bag nahalyny eken adam aýratyn hormat sarpa eýe bolýar. Ýurdumyzy bagy-bossana öwürmekde bimöçber tagalla edýän Gahryman Arkadagymyzyň ady na çäksiz alkyş aýdýarys.

Tuwak SEÝITGULYÝEWA,

TDP-niň Magtymguly etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.