Komitetler

ÝERALMA — ÖZBOLUŞLY NYGMAT

Arkadag Prezidentimiziň şu ýylyň orak möwsüminde gojaman Lebap topragynda bolup, ýeralma ýetişdirýän oba adamlary bilen duşuşmagy, olaryň hal-ahwalyny sorap, daýhançylyk barada peder paýhasly maslahatlaryny we öwüt-nesihatlaryny, nakyllardyr atalar sözlerini aýdyp bermegi bagtyýar daýhanlarymyzy zähmetsöýerlige, maňlaý derini siňdirip ýetişdiren hasylynyň rehnetini görüp, bagtyýar ýaşamaga ruhlandyrdy.

Keremli türkmen topragy azyk we dermanlyk ösümlikleriniň egsilmez hazynasydyr. Aslynda, bir tohumyň müň bolup gögerýän ene toparymyzda ýetişdirilýän gök we miwe önümleriniň diňe bir azyklyk ähmiýetli bolman, eýsem, olar ynsan sagly gynyň taýsyz girewi -daýanjydyr. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltlik kitabynda öwran-öwran belleýşi ýaly, biziň topragymy zyň dermanlyk ösümlikleri kesellerden saplandyryjy, ynsan saglygyny berkidiji serişde hökmünde gadymy döwürlerden bäri giňden ulanylyp gelinýär. Şundan ugur alyp, howanyň düzüminde ynsan saglygyna ýaramaz täsir edýän tozan bölejikleriniň peýda bolan häzirki döwründe halkyň arasynda sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini dabaralandyrmak boýunça geçirilýän wagyz-nesihat çärelerinde adamlaryň bedenini berkitmekde we kesele durnuklylygyny pugtalandyrmakda ak gök önümlerdir miweleriň peýdasyny yzygiderli düşündirmek işleri giňden alnyp barylýar.

Topragymyzda birnäçe asyrlardan bäri ýetişdirilip gelinýän ähmiýetli gök önümleriň biri-de ýeralmadyr. Ylmy çeşmelerde ýeralmanyň asyrlar içre halkymyzyň esasy iýmitleriniň biri bolandygy barada gymmatly maglumatlar beýan edil ýär. Bu ösümligiň dermanlyk güýji, esasan, onuň almasynda jemlenendir. Ol öz düzüminde ýokumlaryň köp görnüşini hem-de iňňän seýrek duş gelýän foliýe turşusyny jemleýär. Onda kaliniň mukdarynyň köp bolmagy ýürek we böwrek kesellerinden saplanmaga haýyrlydyr. Halk lukmançylygynda ýeralmanyň sykylyp alnan suwy aşgazan sowuklama kesellerini bejermekde hem giňden ulanylýar. Ol içki bedende emele gelen ýarany bitirmekde hem peýdalydyr. Tebipçilikde ýeralmanyň gyrgyçdan geçirilip alnan melhemi endama düşen ýarany bejermekde iňňän ähmiýetli dermanlyk hasaplanýar. Ýeralma gaýnadylan suwuň bugundan kükregiňi dolduryp dem alanyňda, ýokarky dem alyş ulgamyndaky sowuklamany we öýken sowuklamasyny bejerýändigi hem halk lukmançylygynda giňden wagyz edilýär. Bedene görk beriş-zynatlanyş tejribelerinde ýeralmadan taýýarlanan ýapgy Günüň ýiti şöhlesiniň täsirinden döreýän menekleri bejermekde ähmiýetli serişde hasaplanýar.

«Bereketli türkmen saçagy» kitabynda milli aşpezlik sungatymyzda ýeralmanyň uly ornunyň bardygy bellenilip geçilýär. Çorbanyň we işdäaçaryň dürli görnüşlerine, kürtük, tamdyrlama, gazanlama, ýeralmaly gutap ýaly naharlara ýeralma goşulyp, datly nygmatlar taýýarlanylýar. Görnüşi ýaly, keremli topragymyzda ýetişdirilýän her bir azyk önüminiň, şol sanda ýeralmanyň azyklyk hümmeti, şeýle hem ynsanyň saglygyny berkitmekde we kesellerden goranmakda ähmiýeti diýseň ýokarydyr.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda bagtyýarlyk döwründe ene topragymyzda ýeralmanyň dürli görnüşlerini ýetişdirmek işjeň ýola goýuldy. Şonuň bilen birlikde dürli miwe we gök önümleri gaýtadan işleýän pudagyň işi hem rowaçlyklara beslenýär. Ýurdumyzda ynsan saglygyny goramakda we barha berkitmekde Gahryman Arkadagymyzyň durmuşa geçirýän beýik işlerine buýsanjyň artýar.

Aýsuluw SULTANOWA,

TDP-niň Darganata etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.