Komitetler

EZBERLER ÖNE SAÝLANDY

Golaýda Mary etrabynyň 39-njy orta mekdebinde «Sagdynlyk — ruhubelentlik» diýen at bilen sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirildi. Etrabyň edara kärhanalaryndan gelen ýygyndy toparlar küşt, şaşka, tennis, woleýbol boýunça bäsleşip, öz ezberliklerini görkezdiler.

Ýokary ruhubelentlikde geçirilen sport bäsleşiklerinde, esasan-da, bilim we saglyk ulgamlarynda zähmet çekýän hünärmenler öňe saýlanyp, olara TDP-niň Mary etrap komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Täzegül PIRSÝANOWA,

TDP-niň Mary etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.