Komitetler

EZIZ WATAN GALKYNÝAR

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda her bir güni taryhy wakalara, toý-baýramlara beslenýän eziz Diýarymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly hem rowaçlyklara beslenip, taryhyň şöhratly sahypalary ýazylýar.

Bilşimiz ýaly, halkymyzyň asyrlara uzaýan arzuw umytlaryny hasyl eden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik syýasy durmuşynda uly ähmiýete eýe bolan möhüm taryhy waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Bu döwletli maslahatda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan galkyndyrmaga, halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, jemgyýetimizde demokratik ýörelgeleri has-da pugtalandyrmaga gönükdirilen parasatly çözgütler kabul edildi.

Döwlet Baştutanymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çuň mazmunly çykyşy her birimiziň kalbymyzda buýsanç duýgularyny oýardy. Bu çykyş täze taryhy eýýamda rowaç menzillere ilerleýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň, syýasy, ykdysady, medeni we durmuş ulgamlarynda gazanylýan ösüşleriň aýdyň beýany bolup, her birimizi täze maksatlara, ýeňişli menzillere ruhlandyrdy. Milli Liderimiziň ýurdumyzda senagat ulgamynyň binýadyny berkitmek, täze önümçilik desgalaryny döretmek babatynda alnyp barylýan işleriň hatarynda Babadaýhan etrabynda gurlup, ýakyn wagtda ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýän kuwwatly dokma toplumynyň ähmiýeti barada aýratyn bellemegi etrabymyzyň ähli ýaşaýjylarynyň göwnüni galkyndyrdy.

Halk Maslahatynyň taryhy ähmiýetli çözgütleriniň hatarynda «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň kabul edilmegi ýurdumyzda demokratiýany ösdürmekde, halkymyzyň döwlet häkimiýetini amal etmäge işjeň gatnaşmagyny üpjün etmekde möhüm orna mynasyp bolar. Iki palatadan, ýagny Mejlisden we Halk Maslahatyndan ybarat bolan umumymilli wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň döredilmegi halkymyzyň döredijilik güýjüni belent maksatlara ugrukdyrmaga itergi berer. Biz hem TDP-niň agzalary bolup, ýurdumyzyň beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde Halk Maslahatynyň çözgütlerini halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmek, olaryň ähmiýetini düşündirmek hem-de öňümizdäki ýylda geçiriljek Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji saýlawlaryna taýýarlyk görmek boýunça işlere ýakyndan ýardam bereris.

Halk Maslahatynyň mejlisinde demokratik özgertmeler bilen birlik-de «Türkmenistany 2021-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny makullamak hakynda» Kararyň kabul edilmegi hem-de il-günümiziň abadançylygy ugrunda irginsiz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş edaralarynyň saglygy goraýyş işgärleriniň zähmet haklaryny ýokarlandyrmak, olara ýaşaýyş jaýlarynyň hem-de hususy ýaşaýyş jaýlaryny gurmak üçin mellek ýerleriniň berilmegini üpjün etmek baradaky Karary hem halkymyzyň saglygyny goramagy mukaddes borç edinen raýatlarymyzy bu ugurda mundan beýlägem yhlasyny aýaman, päk ýürekden zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Pederlerimiziň asylly ýörelgelerine esaslanyp geçirilen Halk Maslahatynda dürli pudaklarda zähmet çekýän raýatlaryň hem-de jemgyýetimiziň dürli gatlaklaryna wekilçilik edýän adamlaryň çykyş edip, öz ýürek buýsançlaryny, isleglerini we tekliplerini beýan etmekleri hem diýseň täsirli bolup, ýurdumyzda halk häkimiýetliliginiň dabaralanýandygynyň nobatdaky tassyknamasyna öwrüldi. Şeýle hem eziz Diýarymyzy şatlykly dabaralara beslän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 29 ýyllyk baýramy mynasybetli gujur gaýraty, tutanýerli zähmeti we döredijilik başarnygy bilen tapawutlanan raýatlarymyza döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy hem-de hormatly atlaryň dakylmagy bütin halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Arkadag Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda her bir adamyň mynasyp durmuşda ýaşamagy we döredijilikli zähmet çekmegi ugrunda ähli şertler döredilýär.

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň taryhy maslahatynda döwletli kararlary kabul edip, baky bagtyýarlygyň nyşanyna öwrülen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuny uludan toýlan türkmen halky zähmet ýeňişleri we döredijilik üstünlikleri bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýuna barýar. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy kararlary ähli halkymyz bilen birlikde ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň öňünde hem möhüm wezipeleri kesgitläp, ýeneki ýeňişlere badalga boldy.

Şageldi BAÝRAMOW,

TDP-niň Babadaýhan etrap komitetiniň başlygy.