Komitetler

GÖWÜNLERIŇ EGSILMEJEK JOŞGUNY

Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzda her günümiz toý-baýramlara beslenýär. Il-ulsuň saglygyny, ruhubelentligini we dünýä abatlygyny sazlaşdyryjy Gahryman Arkadagymyzyň parasatly syýasaty bilen Türkmenistan syýasatda, ykdysadyýetde, oba hojalygynda, saglygy goraýyş ulgamynda, bilimde uly ösüşleri gazandy. Döwletimiz dünýäniň durmuş-ykdysady taýdan ösen döwletleriniň hataryna goşuldy. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen şu günler Diýarymyzyň ähli ýerinde türkmen döwletiniň goşa ganaty bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününiň tutumy uludan tutulyp. şatlyk-şagalaňly dabaralara beslenýär. Güneşli Diýarymyzda goşa baýramyň giňden bellenilmegi halkymyzyň bitewi gymmatlygynyň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy özünde türkmen döwletiniň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk, parahatçylyk we raýat ylalaşygy, demokratiýa we kanunyň rüstemligi ýaly esaslary jemlemek bilen, jemgyýetimiziň mundan beýläkki ösüşleriniň möhüm ugruny, belent ruhuny, durmuş-ykdysady ösüşini kesgitleýär. Baş Kanunymyzda öz ornuny tapan parahatçylyk, hoşmeýilli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri hormatly Prezidentimiziň açyklyk esasynda durmuşa geçirýän daşary syýasatynyň hem özenini düzýär. Biziň içeri we daşary syýasatymyz ynsan gymmatlyklaryna, adamyň we raýatyň hukuklary baradaky milli kanunçylygyň we halkara hukugynyň kadalaryna esaslanýar. Türkmenistanyň Esasy Kanuny ählumumy parahatçylygy, halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilendir.

Taryhdan mälim bolşy ýaly, türkmen halkynyň döwlet gurmakda, döwleti dolandyrmakda baý tejribesi bar. Geçmişde türkmenleriň ata-babalary dünýäniň dürli ýerlerinde beýik döwletleri gurup, dolandyryp, taryhda uly yz galdyrypdyrlar. Döwleti dolandyrmagyň baý tejribesine esaslanyp, XXI asyrda hormatly Prezidentimiziň taglymaty bilen Türkmenistanyň Konstitusiýasyna halkyň isleg-arzuwyna, meýline laýyk uly üýtgetmeler girizildi. Döwletimiziň esasy gymmatlygy bolan Konstitusiýanyň mazmunynda raýatlaryň azat, erkin durmuşda ýaşamak, zähmet çekmek baradaky mizemez hukuklary kepillendirilýär. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, biziň Konstitusiýamyz iň gowy milli däpleri hem-de dünýäniň demokratik tejribesini özüne sazlaşykly birleşdirýän döwlet gurluşynyň esasy ýörelgelerini özünde jemleýär. Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler birinjiden, döwletde adam mertebesiniň belentligi, adamlaryň deňhukuklylygy, ikinjiden bolsa, milli döwlet gurluşy, sosial-ykdysady özgerişler bilen şertlendirilendir. Şonuň üçin milli galkynyş taglymatlary milletara gatnaşyklaryň hem ideýa mazmuny bolup hyzmat edýär. Umumadamzat bähbitli bu üýtgetmeler işlenilip düzülende, milli çeşmelere, milli döwlet integrasiýasynyň dünýä tejribesine, türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna taryhy nukdaýnazardan esaslanýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň ynsanperwerligi bilen döwletimiziň berkararlygy berkidilip, bagtyýarlyk döwri ady bilen dünýä dolmagy hem şaýatlyk edýär. Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir» diýen ynsanperwer ýörelgesiniň düýp özeninde döwletimiziň Konstitusiýasynyň milli aýratynlygynyň nyşany bar. Bu ideologiýa türkmen demokratiýasyna mahsus aýratynlykdyr. Ol döwletimiziň iň gymmatly hazynasy bolan adam hukuklarynyň mizemezligine hem-de türkmen halkynyň müňlerçe asyrlyk ata-baba ajaýyp däplerine esaslandyrylandyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasynda döwletiň iň gymmatly hazynasynyň adamdygy görkezilýär. Öz ykbalyny özi kesgitlän her bir milletiň öňünde özgertmeleriň, ruhy galkynyşyň, milli gymmatlyklaryň artmagyny üpjün edip biljek döwlet kanuny zerurlykdyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy milli döwletimiziň gymmatlygynyň alamatydyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletimiziň her bir raýaty Kanunymyza sarpa goýmaga, onuň esasy ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegi üçin elinde baryny etmäge borçludyr.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanandan soň Türkmenistanyň Döwlet Baýdagy döredildi. 1995-nji ýylyň dekabr aýynyň 12-sinde Türkmenistan döwleti Bitaraplyk derejesine eýe boldy. Ýaşyl Baýdagymyzyň gyzyl-gyrmyzy zolagyndaky haly gölleriniň aşagynda zeýtun baldajyklary ýerleşdirildi. Bu şekil döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň nyşany hökmünde girizildi. Dünýäde islendik bir döwletiň baýdagy şol ýurduň tebigatyny, taryhyny we däplerini hem-de ruhy ýagdaýyny aňladýar. Garaşsyz hemişelik Bitarap döwletimiziň ýaşyl Tugy bu gün bütin dünýäde belentde pasyrdaýar, ol ata-babalarymyzyň arzuwlan berkarar döwletiniň, erkinliginiň, parahatçylygynyň, mizemezliginiň şöhlelenmesidir.

Merdan DOSMEDOW,

TDP-niň Lebap welaýat komitetiniň başlygy,

Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.

"Türkmen gündogary" gazeti.