Komitetler

GIŇ GOLDAWA EÝE BOLÝAR

TDP-niň Döwletli etrap komitetiniň guramagynda etrapdaky 1-nji orta mekdepde «Esasy Kanunymyz — abadançylygyň kepili» atly maslahat geçirildi. Maslahata mekdebiň mugallymlary, işgärleri, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça hormatly Prezidentimiziň öňe süren ähli başlangyçlary barada giňişleýin gürrüň berdiler. Gahryman Arkadagymyza il asudalygy, rowaçlygy, ýurt parahatçylygy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikler arzuw etdiler.

Seýitmyrat PAÝZYLLAÝEW,

TDP-niň Döwletli etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.