Komitetler

GURAMAÇYLYKLY BARÝAR

Ähli ýerde bolşy ýaly, TDP-niň Saýat etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda hem hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly geçirilýär. Ilkinji guramanyň işlerine baha berlip, goýberilen säwlikleri düzetmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşylýar. Öňde durýan wezipeleriň üstünde durlup geçilýär.

Dabaraly ýagdaýda geçirilýän ýygnaklaryň dowamynda ilkinji guramanyň işini has-da kämilleşdirmegi, Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri hem-de daşary syýasaty netijesinde gazanylýan üstünlikleriň has-da artmagyna mynasyp goşant goşmagy, ýaşlary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemegi ündeýän çykyşlara giň orun berilýär. Halkymyzyň röwşen geljegi ugrunda bitirýän işleri üçin ýurt Baştutanymyza hoşallyk sözleri aýdylýar.

Meret ALLAKOW,

TDP-niň Saýat etrap komitetiniň bölüm müdiri.