Komitetler

GYZYKLY GEÇEN BÄSLEŞIK

Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynyň medeniýet öýünde jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp mekdep okuwçylarynyň arasynda surat çekmek, aýdym aýtmak we milli saz gurallaryny çalmak boýunça bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän aýdymlar, şeýle hem, dessanlardan parçalar ýokary ruhubelentlikde ýerine ýetirildi.

Watanymyzyň taryhy ýadygärliklerini, gözel tebigatymyzy, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurlan owadan binalary beýan edýän suratlary çekmek boýunça bäsleşik has-da täsirli boldy. Bäsleşigiň ýeňijilerine etrabyň jemgyýetçilik guramalarynyň Hormat hatlary we höweslendiriji sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

Ýazdurdy ALTYBAÝEW,

TDP-niň Ruhubelent etrap komitetiniň başlygy.