Komitetler

HALK BÄHBITLI IŞLER

Milli Liderimiziň sargytlaryndan ugur alnyp, ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuşy hem milli däp dessurlarymyzy wagyz nesihat etmek boýunça toplumlaýyn işler geçirilýär. Şeýle çäreler golaýda Ak bugdaý etrabynyň Ýaşlyk şäherçesindäki 2-nji we Berkarar şäherçesindäki 19-njy orta mekdeplerde geçirildi. Olaryň ilkinjisinde orta mekdepleriň arasynda etrabyň birinjiligi ugrunda woleýbol bäsleşigi guralyp, ýeňiji bolan toparlara baýraklar we Hormat hatlary gowşuryldy. Ikinjisinde bolsa toplumlaýyn wagyz-nesihat çäresi geçirilip, täsirli çykyşlar diňlenildi. Baý many mazmunly, çuň häsiýetli gürrüňler ýerli ýaşaýjylar üçin diýseň peýdaly boldy.

Röwşen GULOW.

TDP-niň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy.