Komitetler

HALK BÄHBITLI ÇÖZGÜTLER

Ýakynda Ýolöten etrabyndaky Medeniýet öýünde TDP-niň Ýolöten etrap komiteti etrabyň jemgyýetçilik guramalary we etrap häkimligi bilen bilelikde dabaraly maslahat geçirdi. Dabaraly maslahatyň dowamynda ýakynda paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde ençeme il-ýurt bähbitli wajyp meselelere garalyp, taryhy ähmiýetli möhüm çözgütleriň kabul edilmeginiň ýurdumyzyň bagtyýar raýatlaryny täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrandygy bellenildi. Şeýle hem bu ýerde edilen çuň many-mazmunly çykyşlarda Watanymyzyň abadançylygyna we gülläp ösüşine gönükdirilen döwletli tutumlaryň gözbaşynda duran milli Liderimiz tüýs ýürekden alkyşlanyp, bagtyýarlyk döwrümizde berkarar döwletimizi ösüşleriň şaýoly bilen öňe alyp barýan hormatly Prezidentimiziň belent başynyň aman, beýik başlangyçlaryň mundan beýläk-de rowaç almagy arzuw edildi.

Şageldi BAÝRAMOW,

TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.