Komitetler

HALKARA BITARAPLYK GÜNI MYNASYBETLI

TDP-niň Etrek etrap komitetiniň etrabyň Akýaýla obasyndaky 2-nji orta mekdepde, etrap bilim bölüminde geçiren wagyz nesihat çäreleri, Madaw obasyndaky sport mekdebinde guran woleýbol we ýeňil atletika boýunça bäsleşikleri Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlandy. Şol çärelerde hormatly Prezidentimiziň beýik başlangyçlary netijesinde ynsanperwerlik, parahatçylyk, bitaraplyk ýörelgeleriniň barha dabaralandyrylyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen dostlukly gatnaşyklary alyp barýan ata Watanymyzyň halkara abraýynyň barha artýandygy barada buýsançly gürrüň edildi. Baýramçylyk çärelerine gatnaşan partiýanyň işjeň agzalaryna hem-de sport mekdebiniň türgenlerine TDP-niň etrap komitetiniň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Dünýägözel MÄMMEDOWA,

TDP-niň Etrek etrap komitetiniň jogapkär işgäri.