Komitetler

HALKARA HYZMATDAŞLYGY

TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň etrap häkimliginde, Çeperçilik haly kärhanasynda we Çekişler obasynda geçiren wagyz-nesihat çäreleri hormatly Prezidentimiziň Ýaponiýa hem-de Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran iş saparlarynyň, Italiýa Respublikasyna resmi saparynyň we Malaýziýanyň Premýer-ministriniň ýurdumyza bolan resmi saparynyň taryhy ähmiýetini watandaşlarymyza düşündirmekden we ile ýaýmakdan ybarat boldy. Şol çärelerde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda parahatçylyk söýüjilik, hemişelik Bitaraplyk, «Açyk gapylar» syýasatynyň hem-de netijeli halkara hyzmatdaşlygynyň ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat ugruna yzygiderli eýermek bilen, berkarar döwletimiziň dünýä ýurtlary we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklary has-da pugtalandyrýandygyny nygtap geçdiler.

Nurjahan MEJIDOWA,

TDP-niň Esenguly etrap komitetiniň işgäri.