Komitetler

HASABAT-SAÝLAW ÝYGNAKLARY IŞJEŇLIK ÝAGDAÝYNDA GEÇÝÄR

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda möhüm möwsüm bolan hasabat-saýlaw ýygnaklary dowam edýär. TDP-niň Düzgünnamasyna we Tertipnamasyna, şonuň ýaly-da, TDP-niň Syýasy Geňeşiniň ilkinji guramalarda hasabat saýlaw ýygnaklaryna taýýarlyk görmek we olary ýokary derejede geçirmek boýunça Gollanmasyna salgylanylyp geçirilýän hasabat-saýlaw ýygnaklary üstünlikli dowam edýär. Fewral aýynyň ilkinji gününden badalga berlen hasabat-saýlaw ýygnaklaryny guramaçylykly geçirmek Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň ilkinji guramalarynda hem talabalaýyk alnyp barylýar.

Hasabat saýlaw ýygnaklary ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilip, hasabat döwrüne taýýarlykly gelen medeniýet ulgamynyň edaralarynyň hatarynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merke zini, Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatryny, A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryny we beýlekileri görkezmek bolar. Hasabat-saýlaw ýygnaklary geçen döwürde edilen işleriň özboluşly hasabatydyr.

Roza RAHYMOWA,

TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.

 

Şu günler Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň ilkinji guramalarynda hasabat-saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Şeýle ýygnaklar ýakynda Etrek etrabynyň Gaz hojalyk edara synyň, Suw geçirijileri ulanyş gullugynyň, sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň hem-de 6-njy we 7-nji çagalar baglarynyň ilkinji partiýa guramalarynda-da guramaçylykly geçirildi. Olarda şol guramalaryň hormatly Prezidentimiziň alyp barýan hoşniýetli içeri we daşary syýasatyny wagyz-nesihat etmek, durmuşa geçirmäge ýardam bermek boýunça hasabat döw ründe alyp baran işleri baradaky çykyşlar diňlenilip, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe öňde durýan möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy we degişli çözgütler kabul edildi. Şeýle hem, ilkinji partiýa guramalarynyň ýolbaşçy düzümleri saýlandy.

Ogultäç DIWANOWA,

TDP miň Etrek etrap komitetimiň jogapkär işgäri.

 

TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda şu günler hasabat saýlaw ýygnaklary geçirilýär. Ýygnaklarda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň içeri we daşary syýasatyny wagyz nesihat etmek, hasabat döwründe saýlawly guramalaryň işleriniň jemleri hemde partiýa guramalarynyň geljekde alyp barmaly işleri hakynda giňden durup geç diler. Şeýle hem, ýygnaklarda TDP-niň nobatdan daşary VIII gurultaýynda kabul edilen kararlaryň, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Maksatnamasynyň ýerine ýetirilişine, Tertipnamasynyň berjaý edilişine dogry we doly baha berildi.

TDP-niň etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda geçirilen hasabat saýlaw ýygnaklarynda onuň täze düzümi saýlanyldy. Hasabat-saýlaw ýygnaklary guramaçylykly dowam edýär.

Şasenem HUDAÝBERDIÝEWA,

TDP-niň Hojambaz etrap komitetimiň jogapkär işgäri.

 

TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň ilkinji guramalarynda hem hasabat saýlaw ýygnaklary meýilnama esasynda guramaçylykly alnyp barylýar. Geçirilýän ýygnaklarda hasabat döwründe saýlawly guramalaryň işleriniň jemi, ilkinji partiýa guramalarynyň alyp barýan işleri barada hasabatlar diňlenilýär. Geljekde ýerine ýetirilmeli anyk wezipeler kesgitlenilýär. Şeýle hem, mynasyp adamlary partiýa hataryna kabul etmek işlerini ýola goýmak hakynda pikir alşylýar. TDP-niň işjeň agzalaryna Boldumsaz etrap komitetiniň Hormat hatlary, höweslendiriji sowgatlar gowşurylýar.

Etrabyň 1-nji we 4-nji orta mekdepleriniň, 3-nji we 7-nji çagalar baglarynyň, etrap hassahanasynyň ilkinji partiýa guramalarynda geçirilen hasabat-saýlaw ýygnaklary has da täsirli boldy. Ýygnaklaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il bähbitli ynsanperwer işleriniň, beýik özgertmeleriniň ähmiýeti hakynda aýdylyp, janynyň sag, başynyň dik bolmagy, tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edilýär.

Ylýas ATAJANOW,

TDP-niň Boldumsaz etrap komitetimiň jogapkär işgäri.