Komitetler

HEMIŞELIK BITARAPLYK — DÜNÝÄ NUSGALYK

Hemişelik Bitaraplyk. Bu söz agzalan wagtynda Ýer ýüzüniň haýsy yklymynda, haýsy ýurdunda bolsun, tapawudy ýok, ilki bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň göz öňüne gelýändigini buýsanç bilen aýdyp bileris. Sebäbi dünýäde Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen ilkinji hemişelik Bitarap döwlet — bu biziň ata Watanymyz eziz Türkmenistandyr.

«Biz asyrlaryň dowamynda kemala gelen parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerimizi rowaçlandyrmak, Birleşen Milletler Guramasynyň hem-de beýleki abraýly halkara guramalarynyň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyga gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek, syýasy, ykdysady, ylmy-tehniki, medeni ynsanperwer ugurlarda halkara taslamalarymyzy we maksatnamalarymyzy durmuşa geçirmek bilen, Bitaraplyk syýasatymyzyň dünýä üçin nusgalyk bolmagyny gazandyk» diýip nygtaýan hormatly Prezidentimiziň peşgeş beren Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti artyp, hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistanyň halkara abraýy täze belentliklere göterildi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamalary bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ikinji sapar tassyklanmagy hem-de 12-nji dekabryň Halkara Bitaraplyk güni diýlip yglan edilmegi bu hakykatyň aýdyň subutnamalary bolup dabaralanýar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilen 2020-nji ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň halkara derejesinde baýram edilýänligi bolsa her bir türkmenistanlynyň kalbyndaky buýsanjyny artdyrýan şöhratly wakadyr.

Hawa, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň esaslanýan daşary syýasaty Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda barha rowaçlyklara beslenýär. Türkmen Lideriniň umumadamzat bähbitlerine gönükdirilen öňdengörüjilikli başlangyçlary Birleşen Milletler Guramasynyň, şol bir wagtda hem dünýä döwletleriniň uly goldawyna hem-de ykrarnamasyna eýe bolýar.

Eziz Watanymyzyň halkara derejesindäki, şol bir wagtda milli Liderimiziň dünýäniň syýasy giňişligindäki at-abraýynyň barha artýandygyna tomus paslynyň ilkinji aýynda BMG-niň ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän Baş edarasyndan gelip gowşan hoş habaryň mysalynda ýene bir ýola aýdyň göz ýetirdik. 2020-nji ýylyň 29-njy iýunynda Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 75-nji sessiýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna biragyzdan saýlanylmagy Ýer ýüzündäki iň uly syýasy guramanyň döredilmeginiň 75, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygynyň bellenilýän ýyly bolan üstümizdäki ýylyň şanly wakalarynyň biri bolup dabaralandy. Berkarar döwletimiziň BMG-niň Baş Assambleýasynyň sessiýalarynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlanýandygyny buýsançly nygtamak bilen birlikde, muny ýurdumyza bildirilýän uly ynama abraý bilen hötde gelinýändiginiň aýdyň subutnamasy hökmünde görkezmek bolar.

Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamanyň kabul edilmegi Türkmenistanyň tutuş dünýäde at-abraýynyň belentdigini ýene bir ýola hemmelere aýan etdi.

Nurbibi DÄDEBAÝEWA,

TDP-niň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy.