Komitetler

ÄHLUMUMY ABADANÇYLYGYŇ BÄHBIDINE

Türkmenistan Garaşsyzlygyny gazanan ilkinji günlerinden başlap işjeň daşary syýasaty alyp barýar. Hemişelik Bitaraplyk syýasaty bolsa ýurdumyzyň dünýä giňişliginde amala aşyrýan halkara işlerinde berk esas bolup hyzmat edýär. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy degişli Kararnama bilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ikinji gezek tassyklady.

Dürli döwletler, hususan da, se bitiň ýurtlary we goňşy döwletler bilen syýasy, söwda-ykdysady we medeni ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary alyp barmagyň bu möhüm gurallary hyzmat daşlygyň häzirki ýagdaýlaryna baha bermäge hem-de geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredýär.

Halkara guramalary, ilkinji nobat da bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegi Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Döwletimiz bu gurama bilen strategik hyzmatdaşlyga ýokary baha berýär. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edaralary bilen işjeň gatnaşyklar alnyp barylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin durnukly ösüş maksatlarynyň taýýarlanmagyna ýurdumyzyň işjeň gatnaşmagy we olary ilkinjileriň hatarynda durmuşa geçirmäge girişmegi döwletimiz bilen bu guramanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze derejä çykýandygyny görkezýär.

Hemişelik Bitaraplyk syýasatyny alyp barýan Garaşsyz Türkmenistan dünýä bileleşiginiň işlerine we halkara ösüşiň gaýragoýulmasyz meselelerine örän işjeň gatnaşýar. Halkara gün tertibine girýän derwaýys meseleler, aýratyn-da, syýasy-diplomatik, energetika, ulag aragatnaşyk, ekologiýa, sport, ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça möhüm halkara başlangyçlary öňe sürýär hem-de olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýakyndan gatnaşýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasy esasynda «2021-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Gahryman Arkadagymyz: «Bitaraplyk bize ynamly ädimler bilen öňe gitmäge ýardam edýän, halkymyzyň ynsanperwerlik, parahatçylyk ýörelgelerini dabaralandyrýan, kuwwatly döwletimiziň, agzybir milletimiziň adyny, şan-şöhratyny dünýä ýaýýan gymmatlykdyr» diýip belleýär.

Hormatly Prezidentimiziň hoşniýetli daşary syýasaty netijesinde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde resmi taýdan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde öz üstüne alan halkara borçlaryny doly derejede durmuşa geçirýär hem-de sebitde we dünýäde asudalygyň, parahatçylygyň pugtalanmagyna, döwletara ykdysady, medeni, ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýar.

2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Rezolýusiýanyň gaýtadan kabul edilmegi ýurdumyzyň halkara giňişligindäki belent abraýynyň nobatdaky dabaralanmasyna öwrüldi. Şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlisinde 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Rezolýusiýanyň kabul edilmegi milli Liderimiziň sebit we dünýä möçberinde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen öňdengörüjilikli syýasatynyň ählumumy ykrar edilme giniň aýdyň subutnamasydyr.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda 2007-nji ýylyň dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. 2017-nji ýylyň 17-nji noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň dünýä bileleşiginiň öňünde bitiren tagallalaryny, şeýle hem Merkeziň açylan döwründen bäri toplan oňyn tejribelerini göz öňünde tutup, «Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Sebit merkeziniň orny» atly Rezolýusiýasyny kabul etdi.

Ýurdumyz bilen BMG-niň hyzmatdaşlygynyň strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolýandygyna 2020-nji ýylyň 14-nji martynda «Türkmenistanyň Hökümeti bilen Birleşen Milletler Guramasynyň arasynda durnukly ösüş ugrunda 2021 — 2025-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň çarçuwaly maksatnamasyna» gol çekilmegi hem aýdyň şaýatlyk edýär. Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň BMG-niň ýene iki düzüminiň — Ykdysady we durmuş geňeşiniň edaralarynyň düzümine girýän Durmuş ösüşi boýunça komissiýasynyň agzalygyna 2021 — 2025-nji ýyllar döwri üçin we Ösüşiň bähbidine ylym we tehnika boýunça komissiýa synyň agzalygyna 2021 — 2024-nji ýyllar döwri üçin saýlanmagy hem bu hakykaty aýdyň şöhlelendirýär. Bagtyýarlyk zamanamyzda bolup geçýän şeýle taryhy wakalar Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň sebitde halkara parahatçylyk döredijilik ta gallalarynyň, ýurdumyzyň ösüşiň täze ugurlary bilen öňe saýlanmagynyň möhüm şertine öwrüldi.

Ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllyk toýunyň günsaýyn golaýlaşýan häzirki döwründe bu beýik derejäniň eşret -hözirini görüp ýaşaýan raýatlarymyz zähmet sowgatlaryny taýýarlaýarlar. Gahryman Arkadagymyzyň amala aşyrýan ösüşlerine mynasyp goşant goşmak, ýurdumyzyň dünýä ýüzünde iň bir abadan hem-de kuwwatly döwlete öwrülmegi üçin döredijilikli zähmet çekmek her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Halkyna daýanyp, halkyň beýik geljegi üçin taryhy işleri durmuşa geçirýän Arkadag Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri geljekde-de rowaçlyklara beslensin!

Kuwat MÄMMEDOW,

TDP-niň Akdepe etrap komitetiniň bölüm müdiri.