Komitetler

IŞJEŇLER IL ARASYNDA

TDP-niň Kaka etrap komitetiniň guramagynda etrabyň «Serdar» pamyk egriji fabriginde, Duşak şäherçe hem-de Mäne, Çäçe, Şükür bagşy oba geňeşliklerinde we etrabyň Medeniýet öýünde geçirilen işjeň maslahatlarda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde döwlet Baştutanymyzyň Watanymyzyň gülläp ösüşleri baradaky taryhy çykyşyndan ruhlanyp, buýsançly gürrüňler edildi. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, häzirki döwürde syýasy, ykdysady, medeni durmuş özgertmelerini amala aşyrmak boýunça işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Munuň özi ildeşlerimiziň zähmet joşgunyny has-da artdyrýar.

Şu günler ýurdumyzda pagta ýygymy möwsümi hem gyzgalaňly dowam edýär. Şeýle bolansoň, partiýanyň etrap komiteti tarapyndan «Parahat» daýhan birleşiginiň we Gowşut oba geňeşliginiň meýdan düşelgelerinde aýdym sazly çäreler geçirilip, pagtaçy daýhanlaryň armasy ýetirildi.

Tahyr NURYÝEW,

TDP-niň Kaka etrap komitetiniň başlygy.