Komitetler

IŞJEŇLIK ARTDYRYLÝAR

Golaýda TDP-niň Farap etrap komitetiniň guramagynda maslahat geçirilip, onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 14-nji fewralynda jemgyýetçilik-syýasy guramalarynyň we medeniýet ulgamynyň wekilleri bilen duşuşygynda beren tabşyryklarynyň etrap partiýa komitetinde ýerine ýetirilişine garaldy. Maslahata etrap komitetiniň işgärleri, etrap komitetiniň ilkinji guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň barşynda ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleri ilat arasynda wagyz-nesihat etmekde, düşündirmekde, jemgyýetimiziň agzybirligini we jebisligini has-da pugtalandyrmakda, sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmekde alnyp barylýan işler barada gürrüň edildi. Milli demokratiýamyza daýanyp, dünýä tejribesine esaslanyp döwletimiziň kanunçylyk esasynyň kämilleşdirilmegi, ýaşlarymyzyň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi babatda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Klara KULMETOWA,

TDP-niň Farap etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.