Komitetler

JEMGYÝETIŇ SAGDYNLYGY— BAGTYÝAR DURMUŞYŇ ESASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe lukman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň sagdyn ýaşaýşyny emele getirmek bilen döwletimiziň asudalygyny üpjün etmek ugrunda taýsyz tagallalara esaslanýan gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär. Ony hormatly Prezidentimiziň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä derejesine laýyk kämilleşdirmek ugrundaky tagallasyndan, ýurdumyzda sport we bedenterbiýe işjeňliginiň ösdürilmegi, bu ugurdaky işleriň talabalaýyk ýola goýulmagy baradaky tutumlaryň mysalyndan hem aýdyň görmek bolýar. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde iň kämil lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen halkara saglyk merkezleriniň, hassahanalardyr şypahanalaryň, oba saglyk öýleriniň gurlup, halkyň hyzmatyna berilmegi, sport mekdepleridir desgalarynyň mümkinçiliklerinden raýatlarymyzyň netijeli peýdalanmagy üçin döredilýän şertler Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen parasatly ýörelgesiniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyňlygy bilen görkezýär.

Sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmekde Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň orny dünýä giňişliginde has-da pugtalandy. Sport hereketini işjeň ösdürmek ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwrüldi. Ony döwletimizde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilen V Aziýa oýunlarynyň mysaly-da aňryýany bilen tassyk edýär. Netijede, Türkmenistan diňe bir sporty ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem, ony tutuş dünýäde ýaýbaňlandyrýan döwlet hökmünde ýokary abraýa eýe boldy. Bu bolsa sagdyn durmuş ýörelgesine ygrarlylygyň esasy görkezijisine öwrüldi.

Sagdyn ýaşamak, bu ugurdaky ýörelgeleri işjeň dowam etdirmek wezipesi häzirki wagtda ýurdumyzyň her bir raýatynyň durmuş hemrasyna öwrülýär. Bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň hut özi nusga alarlyk görelde görkezýär. Ýurdumyzda welosporty, atçylyk sportuny, sportuň beýleki dürli görnüşlerini, aň-paýhas oýunlaryny yzygider ösdürmäge we durmuşa ornaşdyrmaga degişli tutumlaryň irginsiz amala aşyrylmagynyň netijesinde sagdyn jemgyýeti kemala getirmekde ygtybarly netijeler gazanylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň kadalaryna eýerip ýaşamak, dogry iýmitlenmek, mydama hereketde bolmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, zyýanly endiklerden daşda durmak ýaly derwaýys meseleler bu gün halkyň gündelik durmuşynyň esasyna öwrülýär. Şunuň bilen birlikde, daşky gurşawy goramaga degişli işleriň utgaşykly alnyp barylmagy adamyň jan saglygynyň berkemegine, ömür dowamlylygynyň uzalmagyna gönükdirilen maksatly wezipeleriň durmuş hakykatyna öwrülmegini üpjün edýär.

Raýatlaryň saglygy hakdaky aladanyň kanunçylyk-hukuk binýadynyň berkidilmegine hem uly ähmiýet berilýär. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda», «Iýmit önümleriniň howpsuzlygynyň we hiliniň üpjün edilmegi hakynda», «Bedenterbiýe we sport hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň kabul edilmegi bu ugurdaky işleriň döwletiň syýasy durmuşy bilen berk baglanyşdyrylyp alnyp barylýandygyna doly şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzyň beýleki ýerlerinde bolşy ýaly, welaýatymyzda hem sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmäge, bedenterbiýäni we sporty ösdürmäge gönükdirilen maksatly işler giňden ýaýbaňlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde ilatyň saglygyny goramak we saglygy goraýyş ulgamyny kämilleşdirmek, dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetirmek babatdaky özgertmeleriň gadyr-gymmatyny halk köpçüliginiň arasynda giňden wagyz etmäge Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň agzalary özleriniň maksatnamalaýyn işleri bilen işjeň gatnaşýarlar. Bu babatda TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň ýanyndaky wagyz-nesihat toparynyň ýerlerde geçirýän duşuşyklary, wagyz-nesihat çäreleri ähmiýetliligi bilen tapawutlanýar. Häzirki wagtda ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek, iýmit howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen geçirilýän işleriň netijeleri, adam saglygy hakdaky aladany öz içine alýan, hormatly Prezidentimiziň döwet galamynyň önümi bolan «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli eserinde ýerleşdirilen dermanlyk ösümlikleriň ähmiýeti, olary durmuşymyzda ulanmagyň netijeleri barada derwaýys söhbetler edilýär. Hususan-da, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak, sporty olaryň durmuş hemralaryna öwürmeklerini gazanmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde häzirki wagtda günüň derwaýys meselesi hökmünde partiýa işjeňleriniň we lukmanlaryň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda ýiti öýken sowuklamasynyň pandemiýasynyň öňüni almak boýunça alnyp barylýan işleriň hatarynda öýlerde, iş we jemgyýetçilik ýerlerinde arassaçylyk düzgünlerini pugta berjaý etmek, keselden goranyş häsiýetli işleri doly amala aşyrmak bilen bagly täsirli gürrüňleri öz içine alýan wagyz-nesihat maslahatlarynyň yzygiderli geçirilmeginiň uly ähmiýete eýedigini bellemek has ýerlikli bolar. Şonuň ýaly-da, ýurdumyzyň bu ugurdaky tejribesiniň dünýä döwletleri üçin nusga alarlyk bolup durýandygynyň biziň buýsanjymyza öwrülýändigi hoşallyk bilen beýan edilýär. Lukman Arkadagymyzyň göreldesine, maslahatlaryna eýerip, häzirki wagtda amala aşyrylýan bu derwaýys çäreler ýurdumyzyň her bir raýatynyň sagdyn hem bagtyýar ýaşaýşyny üpjün etmegiň baş şertine öwrülýär.

Halkymyzyň abadan ýaşaýşy, ýurdumyzyň parahatçylygy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän hormatly Prezidentimiziň adyna mukaddes ojaklaryň her birinde ak alkyşlar aýdylýar.

Sapargül REJEPOWA,

TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy.

“Daşoguz habarlary” gazeti.