Komitetler

JOGAPKÄRLI MÖWSÜME TAÝÝARLYK

Etrabymyzda «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň galla oragy möwsümine şu günlerden uly taýýarlyk görülýär. Etrabyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň, «Şatlyk», «Nowruz», «Azatlyk» daýhan birleşikleriniň galla meýdanlarynda ýetişdirilen bol hasyl gözüňi dokundyrýar. Şu günler ýetişdirilen hasyly gysga möhletlerde, guramaçylykly ýygnamak ugrunda ähli çäreler görülýär.

Etrapda galla oragy möwsüminiň her bir gününi netijeli peýdalanmak üçin ähli mümkinçilikler döredilendir. On dokuz müň gektara deň bolan bugdaýly meýdanlarda däne orýan kombaýnlaryň bökdençsiz işledilmegi üçin awtoulaglar, ätiýaçlyk şaýlary, ýangyç-çalgy serişdeleri bilen üpjün edilen abatlaýyş-mehaniki toparlar hereket eder. Tehniki hyzmat ediş kärhanasynyň hünärmenleri tarapyndan bar bolan kombaýnlar bökdençsiz işlediler. Häzirki wagtda olaryň ählisi doly abatlanyldy.

Möwsümde meýdanlarda zähmet çekjek adamlaryň armasyny ýetirmekde hem-de ruhy taýdan goldamakda TDP-niň etrap komitetiniň, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň hünärmenleri medeniýet, sungat işgärleri bilen bilelikde uly işleri alyp bararlar.

29-njy maýda bolup geçen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz yhlas siňdirilip ýetişdirilen galla hasylyny ýitgisiz ýygnap almaga ak pata berdi. Biziň welaýatymyzda hem 12-nji iýunda ýaşulularymyzyň «Bismillasy» bilen galla oragyna başlanar. Bu ajaýyp pursada welaýatymyzda uly ruhubelentlik bilen garaşylýar.

Hormatly Prezidentimiziň döredip berýän ýeňilliklerinden netijeli peýdalanyp, halkymyzyň rysgaly, saçaklarymyzyň berekedi bolan bugdaýly meýdanlardaky alnyp barylýan işlere nazar aýlanyňda, bu möhüm möwsümiň ýitgisiz, öz wagtynda, ýokary hilli geçirmäge doly mümkinçiligiň bardygyna doly göz ýetirýärsiň.

Tazabaý ŞERMETOW,

TDP-niň S.A. Nyýazow adyndaky etrap komitetiniň başlygy.