Komitetler

KÄMIL KANUN BERK BINÝAT

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde röwşen geljege ynamly barýan Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän özgertmeler esasynda üpjün edilýän abadan, asuda hem bagtyýar ýaşaýyş ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň pugtalandyrylmagy bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Hut şonuň üçinem, ýurdumyzda bu möhüm ulgamyň mundan beýläk-de ösdürilmeginiň häzirki döwürde kanun çykaryjylyk işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagy talap edýändigini aýratyn nygtaýan milli Liderimiz konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny yglan etdi.

Hormatly Prezidentimiz iki palataly ulgama geçmegiň, Türkmenistanyň Halk Maslahatyny hem de Türkmenistanyň Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmagyň maksadalaýykdygy hakyndaky başlangyjy öňe sürdi. Bu bolsa turuwbaşdan giň halk köpçüliginiň uly goldawyna mynasyp boldy. Sebäbi onda halkymyzyň gadymy däpleriniň milli kanunçylyk aýratynlyklary we halkara hukugynyň kadalary öz beýanyny tapýar.

Bu ajaýyp başlangyç ýurdumyzyň döwlet häkimiýet we milli kanunçykaryjylyk edaralarynyň işiniň has-da kämilleşmeginde uly ähmiýete eýedir. «Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edara synyň özgerdilmegi Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň wagty ýeten meselelerini çözmäge we kanunlary taýýarlamagyň hem de ulanmagyň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga mümkinçilik berer» diýip, hormatly Prezidentimiz belleýär. Iki palataly ulgama geçilmegi we Milli Parlamentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşi, onuň kanun çykaryjy palatasynyň Mejlis, wekilçilikli palatasynyň bolsa Halk Maslahaty diýlip atlandyrylmagy bu ugurda ilkinji ädim bolar. Munuň özi döwletimiziň konstitusion gurluşyny berkitmekde we has-da kämilleşdirmekde, ýurdumyzy syýasy, durmuş ykdysady taýdan ösdürmekde, yglan edilýän maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegini üpjün etmekde uly ähmiýete eýedir.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasynda ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasyny iki palataly ulgama geçirmegiň hukuk esaslary, palatalaryň borçlary we ygtyýarlyklary, olaryň mejlisleriniň aýratynlykda geçirilýändigini we zerur ýagdaýlarda bilelikde işlemegini göz öňünde tutýan kadalar aýdyň beýan edilýär. Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň agzalarynyň umumy sanynyň 56 adamdan ybarat bolmaly diýlip kesgitlenilmeginiň, her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adamyň Halk Maslahatynyň düzümine gizlin ses bermek arkaly welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň degişli mejlislerinde saýlanýandygyny görkezmegiň, şeýle hem baý durmuş tejribesi bolan, döwlet we jemgyýetçilik işlerinde aýratyn hyzmatlary bitirip, il içinde uly abraýdan peýdalanýan raýatlardan bu düzüme 8 agzanyň Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenýändigini görkezmegiň maksadalaýyk boljakdygy hakynda aýdanlary tüýs ýerine düşen tekliplerdir. Gahryman Arkadagymyzyň adalatly nygtaýşy ýaly, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň, şeýle tertibi welaýat hem de Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmekde we abraýyny ýokarlandyrmakda, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan täsirli, ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde türk men jemgyýetinde olaryň ornuny berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.

Mundan başga-da, Esasy Kanunymyzda kanun çykaryjylyk başlangyjy üçin hukugyň Türkmenistanyň Prezidentine, Halk Maslahatynyň agzalaryna, Mejlisiň deputatlaryna, Ministrler Kabinetine hem-de Ýokary kazyýete degişlidiginiň beýan edilme giniň dogry boljakdygy bellenilýär. Türkmenistanyň Mejlisi tarapyndan kabul edilen kanunlaryň Halk Maslahatynyň garamagyna makullamak üçin iberilmelidigi, Halk Maslahaty tarapyndan makullanmadyk kanunyň Mejlisde gaýtadan seredilmegi, şeýle hem onuň ozalky görnüşinde deputatlaryň umumy sanyndan sesleriň üçden iki böleginden az bolmadyk köplügi bilen kabul edilen ýagdaýynda, şu kanunçylyk namasynyň kabul edildi diýlip hasap edilýändigi baradaky düz günler bu ulgamyň özara sazlaşykly işini üpjün eder.

Raýatlarymyzyň göwün isleginden gelip çykýan pikirleriň milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlarynda öz aýdyň beýanyny tapmagy halkymyzda çuňňur kanagatlanma hem çäksiz buýsanç duýgularyny döredýär. «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy taýýarlananda ministrliklerde, pudak we ylmy edaralarda, jemgyýetçilik birleşiklerinde döredilen iş toparlaryndan, raýatlardan gelip gowşan teklipler içgin öwrenildi we seljerildi. Şonuň netijesinde Esasy Kanunyň hereket edýän 3-nji bölüminiň 3-nji babyny kämilleşdirmäge aýratyn üns berildi. Kanunyň taslamasynda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň degişli maddalarynyň jemi 25-sine üýtgetmeleri girizmek, 1 maddasyny aýyrmak hem de 3 täze maddany goşmak teklip edilýär. Şeýlelikde, gelip gowuşýan teklipleri öwrenmek işi dowam etdirilýär we bu babatda ozaly bilen halkyň erk-ygtyýaryndan ugur alynýar.

«Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmakda raýat işjeňligi ýokary derejede duýulýar. Ýurdumyzyň ähli raýatlary Esasy Kanunymyza üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri hödürlemäge işeňňir gatnaşýarlar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze esaslardaky Konstitusiýamyz mizemez hukuk binýady, şol bir wagtyň özünde-de, ýurdumyzyň has gülläp ösmegini, öňe gitmegini, ykdysady taýdan pugtalanmagyny üpjün eder. Milli kanunçylyk ulgamynyň has-da kämilleşdirilmegi üçin ähli şertleri döredip berýän hormatly Prezidentimize alkyşlar aýdýarys.

Satlyktagan MAŞOW,

TDP-niň Gumdag şäher komitetiniň başlygy.