Komitetler

KIÇI FUTBOL ÝARYŞY

Saýat etrabynyň Sakar şäherindäki 2-nji sport mekdebinde TDP-niň Saýat etrap komitetiniň, etrap bilim bölüminiň, etrap sport we ýaşlar syýasaty bölüminiň bilelikde guramaklarynda «Saglygym bar — baýlygym bar» ady bilen ýetginjekleriň arasynda kiçi futbol boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda ýetginjekler toparlary bäsleşdiler. Bäsleşikde öňe saýlananlara TDP-niň Saýat etrap komiteti tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýaryşa gatnaşanlar halkymyzy bagtyýar döwürde ýaşadýan, türkmen ýaşlary üçin okamaga, işlemäge, döredijilik bilen meşgullanmaga, olaryň sagdyn, berk bedenli, ruhy taýdan sagat bolup ýetişmeklerine ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.

Meret ALLAKOW,

TDP-niň Saýat etrap komitetiniň bölüm müdiri.