Komitetler

Konstitusion özgertmeler durmuşa geçirilýär

MILLI KANUNÇYLYK KÄMILLEŞDIRILÝÄR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň aladasynyň netijesinde ýurdumyzda ähli ugurlarda uly ösüşlere eýe bolunýar. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, oýlanyşykly hem-de çuň paýhasly döwlet syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilip, eziz Watanymyz Türkmenistan ösüşleriň ynamly ýoly bilen belent derejelere ýetýär.

Mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm waka — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisi bolup geçdi. Şol taryhy mejlisde Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek baradaky başlangyjy öňe sürdi.

Amala aşylylýan özgertmeleriň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, has takygy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döledildi. Geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda onuň birinji mejlisi geçirildi. Şondan bäri Konstitusion toparyň üç mejlisi geçirildi. Halkymyzdan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden, dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan hem-de edara-guramalardan gelýän köp sanly teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak boýunça anyk işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary milli Liderimiziň halkymyzyň we döwletimiziň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli, asylly işleriniň maksatlaryny hem-de wezipelerini düşündirmekde, wagyz-nesihat etmekde işjeň hereket edilýär.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly jemleýji tapgyrda alnyp barylýan özgertmeler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde uly gyzyklanma döredýär. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda degişli işler, köpçülikleýin düşündiriş çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Şol çäreleri guramaga we geçirmäge syýasy-jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýetiň, medeni-ynsanperwer ulgamyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, deputatlar, giň jemgyýetçilik işjeň gatnaşdylar.

TDP-niň Ýolöten etrap komiteti hem möhüm özgertmeleriň syýasy-hukuk ähmiýetini ilata düşündirmek, alnyp barylýan işler barada raýatlarymyzy yzygiderli habardar etmek maksady bilen, kärhanalarda, edaralarda, orta mekdeplerde düşündiriş we wagyz-nesihat işlerini yzygiderli geçirýärler.

Goý, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmekde uly işleri alyp barýan, ýurdumyzyň halkara abraýyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömrümiň uzak, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç bolsun!

Toýly ANYŞOW.

TDP-niň Ýolöten etrap komitetiniň başlygy.

 

TÄZE ÖZGERTMELER DABARALANÝAR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň döwleti dolandyrmagyň asyrlaryň synagyndan geçen demokratik däplerinden, durmuş ýörelgelerinden gözbaş alýan döwlet häkimiýetiniň wekilçilikli kanun çykaryjy edarasynyň işini kämilleşdirmäge gönükdirilen beýik başlangyçlary rowaçlyklara beslenýär. Ata Watanymyzyň kanunçylyk esaslaryny pugtalandyrmaga, raýatlaryň hukuklarynyň we azatlyklarynyň goraglylygynyň has ygtybarly bolmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Hormatly Prezidentimiziň milli kanunçylygymyzy döwrüň talaplaryna laýyklykda özgertmek, oňa üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek baradaky taryhy başlangyjynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine TDP-niň welaýat, şäher, etrap we ilkinji guramalary hem mynasyp goşant goşýarlar.

TDP-niň welaýat, şäher, etrap we ilkinji guramalarynyň agzalary we işgärleri geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinden, şeýle-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça döredilen Konstitusion toparyň mejlislerinden gelip çykýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen, ýaşlaryň, dürli kärde zähmet çekýän raýatlaryň arasynda düşündiriş-wagyz işlerini geçirdiler. Bu işler häzirki wagtda hem netijeli häsiýetde alnyp barylýar. Bu düşündiriş işlerinde milli Liderimiziň iňňän oýlanyşykly hem öňdengörüjilikli syýasatynyň netijesinde ýurdumyzda amala aşyrylýan kanunçylyk özgertmeleriniň taryhy ähmiýeti, onuň milli demokratik ýörelgelerimizi has-da berkitmekdäki orny dogrusynda durup geçýäris. Ýaňy-ýakynda Konstitusion toparyň jemleýji — 4-nji mejlisi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakynda» Konstitusion toparyň Kararyna gol çekdi. Bu taryhy Karara laýyklykda, Konstitusion Kanunyň taslamasy boýunça işler umumylykda gutarnykly diýip hasap edilýär. Şeýle-de Kararda Konstitusion Kanunyň taslamasy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen ara alnyp maslahatlaşmalary geçirmek, taslamany Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlemek bilen bagly öňde durýan anyk wezipeler kesgitlenildi.

Bu özgertmeler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ygtybarly hukuk binýadyny berkidip, dünýä ýüzünde Bitarap Watanymyzyň abraýyny has-da artdyrar. Ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň düýpli ýokarlanmagyna, jemgyýetimizi has-da jebisleşdirmäge, raýatlarymyzyň mundan beýläk-de bolelin, eşretli durmuşda ýaşamagyna giň ýollary açar. Şeýle beýik özgertmeleriň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, işleri rowaçlyklara beslensin!

Şatlyk

MÄMMETNIÝAZOW.

TDP-niň Garagum etrap komitetiniň başlygy.

 

MILLI DEMOKRATIÝANYŇ ÝOLY BILEN

Hormatly Prezidentimiziň bimöçber aladalary bilen ýurdumyz syýasy, ykdysady, medeni taýdan ösýär. Demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň ösüşleriň, özgerişleriň ak ýolundan ynamly öňe gitmegi kanunlarymyzyň has hem kämilleşdirilmegini talap edýär. Döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjylyk işini kämilleşdirmek, jemgyýeti işjeňleşdirmek boýunça milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlary halkymyz tarapyndan gyzgyn goldawa eýe boldy. 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyz konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryny yglan etdi. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda jemgyýetçilik we döwlet durmuşyny mundan beýläkde demokratiýalaşdyrmak üçin şertleri döretmek boýunça wezipeler göz öňüne tutulyp, konstitusion özgertmelere badalga berildi.

Bilşimiz ýaly, Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça teklipleri işläp taýýarlamak babatynda Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň mejlisleri geçirildi we şol mejlislerde ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik birleşmelerinden, ýerli häkimiýet edaralaryndan gelip gowuşýan teklipler seljerildi.

Häzirki döwürde ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmalar yzygiderli geçirilýär. Ýurdumyzyň syýasy partiýalary we jemgyýetçilik guramalary Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan oýlanyşykly,   öňdengörüjilikli, çuň manyly syýasatyny wagyz-nesihat etmekde hem-de döwlet Baştutanymyzyň eziz Watanymyzyň abadançylygyna gönükdirilen beýik başlangyçlarynyň maksadyny, wezipesini düşündirmekde işjeň hereket edýärler. Esasy Kanunymyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän çärelere, gurnalýan wagyz-nesihat duşuşyklaryna agzalarymyz işjeň gatnaşýarlar.

TDP-niň Wekilbazar etrap komiteti hem beýleki jemgyýetçilik birleşikleriniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň gatnaşmaklarynda konstitusion özgertmeleriň ähmiýetini düşündirmek, wagyz-nesihat etmek boýunça duşuşyklaryň, maslahatlaryň onlarçasyny geçirdi. Şol maslahatlara, duşuşyklara dürli ugurlarda zähmet çekýän dürli ýaşly raýatlaryň müňlerçesi gatnaşyp, milli kanunçylygymyzy kämilleşdirmek, iki palataly ulgama geçmek boýunça teklipleriň 343-sini berdiler. Gahryman Arkadagymyzyň tabşyryklaryndan ugur alyp, TDP-niň etrap komitetiniň agzybir işgärleri we işjeň agzalary bolup beýleki jemgyýetçilik birleşmeleri we syýasy partiýalar bilen bilelikde wagyz-nesihat, düşündiriş işlerimizi mundan beýläk hem güýçlendirjekdigimize ynandyrýarys.

Türkmen halkyna ajap eýýamy peşgeş beren Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsunlarymyzy, tükeniksiz alkyşlarymyzy aýdýarys. Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik başlangyçlary rowaç alsyn!

Tawus GYLYJOWA.

TDP-niň Wekilbazar etrap komitetiniň başlygy.

 

AJAP EÝÝAMYŇ MÖHÜM WEZIPESI

Berkarar    döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadynyň ösüş-özgerişli döwrümiziň talaplaryna laýyk kämilleşdirilmeginiň zerurlygyny öňe çykarýar. Sebäbi bagtyýarlyk zamanamyzda türkmen jemgyýeti ösüşli döwri başdan geçirip, jemgyýetçilik-syýasy gatnaşyklaryň döwrebaplaşdyrylmagy döwrüň wajyp wezipesi bolup durýar. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň geçen ýylyň 25-nji sentýabrynda Aşgabat şäherinde bolan ikinji mejlisinde Arkadag Prezidentimiz konstitusion özgertmeleri yglan etdi.

Bu konstitusion özgertmeleriň maksadam dünýäde bolup geçýän özgertmeleri we köp ýurtlarda toplanan tejibäni nazara alyp, iki palataly ulgama geçmekden hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatyny we Mejlisini wekilçilikli kanun çykaryjy häkimiýetiň wezipelerini amala aşyrýan edaralar ulgamyna goşmakdan ybaratdyr.

Türkmen jemgyýetinde konstitusion özgertmelere badalga berildi. Bu başlangyç il-günümizde uly goldaw tapdy. Şu möhüm işe syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, raýatlar işjeň gatnaşýarlar. Türkmenistanyň Konstitusion toparynyň mejlislerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça gel ip gowşan teklipleri öwrenmekde we umumylaşdyrmakda giň möçberli işler durmuşa geçirildi. Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly bolan üstümizdäki ýylyň fewral aýynda bolsa, «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasy metbugatda çap edildi we ara alyp maslahatlaşmak üçin halk köpçüligine hödürlendi.

Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyny ara alyp maslahatlaşmak işjeň häsiýete eýe boldy. Ýurdumyzyň wekilçilikli kanun çykaryjy ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga gönükdirlen işlere uly ähmiýet berlip, degerli çäreler görüldi. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda» Türkmenistanyň Konstitusion Kanunynyň taslamasyna garalar hem-de degişli çözgütler kabul ediler. Bu waka şanly ýylymyzyň taryhy wakasy bolar.

Bagtyýar zamanamyzda alnyp barylýan tutumly işler, ýetilen belent sepgitler üçin halkymyz milli Liderimize tükeniksiz alkyş aýdýar. Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman, bolmagyny, arzuw edýäris.

Gurbangül MÄDENOWA.

TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy