Komitetler

ÝAŞLAR BARADAKY ALADA

Raýatlary, ylaýta-da, ýaşlary sagdyn durmuş ýörelgelerine gönükdirmek, sagdyn jemgyýeti berkarar etmek döwlet syýasatynda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Bu babatda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Döwletli etrap komiteti hem beýleki jemgyýetçilik guramalary, etrap polisiýa bölüminiň ýerli wekilleri we etrap häkimligi bilen bilelikde giň gerimli işleri alyp barýar. Häzirki wagtda etrabyň çäginde geňeşliklerde, zähmet toparlarynda, ýaşlaryň arasynda zyýanly endiklerden daşda durmak, tertip düzgünli bolmaga çagyrmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ahlaklylygy ündemek, ýaşlarda Watana wepalylyk häsiýetlerini kemala getirmek, olary arassa, halal zähmete ruhlandyrmak barada wagyz-nesihat çäreleri giň gerim bilen geçirilýär.

Etrabyň «Tallymerjen», «Pagtaçy» geňeşliklerinde, Döwletli şäherçesiniň Medeniýet merkezinde, Dostluk şäherinde geçirilen çäreler has-da täsirli boldy.

Gülruh TAGAÝNIÝAZOWA,

TDP-niň Döwletli etrap komitetiniň jogapkär işgäri.