Komitetler

ÝAŞLAR BILEN DUŞUŞYK

TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň beýleki jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde guramagynda geçirilen wagyz nesihat çäresi «Ýaş nesli döwrebap terbiýelemekde hukuk sowatlylygynyň ähmiýeti» diýlip atlandyryldy. Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda geçirilen wagyz-nesihat çäresine Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň jogapkär wekilleri gatnaşyp, ýaşlara hukuk kadalaryny giňden düşündirdiler. Ýaşlary gyzyklandyrýan sowallara giňişleýin jogap berdiler.

Wagyz-nesihat çäresiniň dowamynda ýaşlaryň watansöýüjilik, ruhubelentlik ruhunda terbiýelenmegine täsirini ýetirjek, halal zähmete ruhlandyrjak çykyşlara giňden orun berildi. Ýaşlar barada tagalla baryny edýän ýurt Baştutanymyzyň adyna hoşallyk sözleri aýdyldy.

Ýagşymyrat PAŞŞYÝEW,

TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.