Komitetler

MAKSADA OKGUNLY IŞLER

Ylmyň we tehnikanyň gazananlaryndan peýdalanyp, ýurdumyzyň oba hojalygyny ýokary netijeli, has düşewüntli pudaga öwürmek maksady bilen giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda hem oba hojalyk pudagynyň maddy enjamlaýyn binýady döwrebap tehnikalar bilen berkidilip, daýhanlarymyz üçin ähli şertler döredilýär. Şol şert mümkinçiliklerden ylham alýan edermen daýhanlarymyzyň yhlasyndan Watan harmany beýgelýär.

Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, pagta ýygymy möwsümine badalga berlen Daşoguz welaýatynda şu ýyl jemi 155 müň gektar meýdana orta süýümli gowaça ekilip, pagtaçy babadaýhanlarymyz döwlet harmanyna 275 müň tonna pagta hasylyny tabşyrmagy göz öňünde tutýarlar. Bütin ýylyň dowamynda daýhanyň alyn deri bilen ýetişdirilen pagta hasylyny gysga möhletde isripsiz ýygnamak iňňän jogapkärli wezipe bolup durýar. Welaýatyň oba hojalyk hünärmenleri, jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary şeýle jogapkärli möwsümde işleri netijeli guramaga, daýhanlary zähmet üstünliklerine ruhlandyrmaga ýakyndan ýardam bermäge işeňňir gatnaşýarlar.

Hormatly Prezidentimiziň pagtaçylar üçin satyn alyp beren «John Deere» kysymly ýokary öndürijilikli pagta ýygýan kombaýnlary hem ösdürilip ýetişdirilen bol hasyly gysga möhletde, ýitgisiz ýygnamaga ýakyndan ýardam edýär. Pagta ýygymy möwsüminiň öňüsyrasynda şeýle döwrebap tehnikalaryň gelip gowuşmagyndan başy Göge ýeten pagtaçy daýhanlarymyz milli Liderimiziň adyny alkyşlara besleýärler.

Welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, şol sanda TDP-niň işjeň agzalary hem jogap kärli möwsümde pagta meýdanlardaky oba hojalykçylaryň arasyn da wagyz-nesihat işlerini geçirip, olaryň armasyny ýetirip durýarlar. Pagtaçy kärendeçileriniň we oba hojalyk işgärleriniň täze badalga alan pagta ýygymyna uly jogapkärçilik bilen girişmekleri hem-de yhlasyny gaýgyrman zähmet çekmekleri olaryň hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ähli oba hojalykçylaryna bildirýän belent ynamyny ödemäge, öz öňlerinde durýan wezipeleri abraý bilen berjaý etmäge hem de «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylyny zähmet ýeňişlerine beslemäge ymtylýandyklarynyň aýdyň beýanydyr.

Ýazguly ATAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň uly mugallymy, TDP-niň ilkinji guramasynyň başlygy.