Komitetler

MAKSADA OKGUNLY IŞLER ALNYP BARYLÝAR

Türkmenistanyň Demokratik partiýasy ýurdumyzyň Garaşsyzlygyny, hemişelik Bitaraplygyny, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň içeri we daşary syýasatyny, öňe sürýän giň möçberli özgertmelerini, başlangyçlaryny, döwletimiziň we jemgyýetimiziň ösüşini wagyz-nesihat edýän, düşündiriş işlerini alyp barýan syýasy guramadyr. Ol öz işini «Syýasy partiýalar hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna we Türkmenistanyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Tertipnamasyna hem-de Maksatnamasyna laýyklykda guraýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet häkimiýetiniň we dolandyryşyň edaralary, syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýar. Wagyz-nesihat etmek, düşündirmek arkaly halk köpçüliginiň arasynda terbiýeçilik we syýasy-düşündiriş işlerini alyp barýar. Demokratik gymmatlyklary goldamak, bazar gatnaşyklaryny durmuşa ornaşdyrmak boýunça partiýa tarapyndan öňe sürülýän ugry syýasy taýdan goldaýar. Saýlawlara we sala salşyklara, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryna gatnaşmak üçin dalaşgärleri hödürleýär.

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti etrap we şäher partiýa komitetleriniň 11-sini, ilkinji partiýa guramalarynyň 738-sini we agzalarynyň 25 müň 500-den gowragyny öz hatarynda jemleýär. Şu ýylyň başyndan bäri Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komitetiniň düzümine girýän guramalar öz hataryna täze agzalaryň 2 müňe golaýyny kabul etdiler. Bu san geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende has köpdür. Täze kabul edilen agzalaryň ählisi işde we durmuşda özlerini göreldeli alyp barýan adamlardyr. Olaryň köpüsiniň ýokary bilimlidigi, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasatyny goldaýandyklary hem-de ony halk köpçüliginiň arasynda wagyz-nesihat etmäge höwesli ýaşlardygy guwandyryjydyr.

Etrap we şäher partiýa komitetleri tarapyndan edara-kärhanalarda «Arkadagyň sapaklary» ady bilen syýasy okuwlary geçirmek kada öwrüldi. Olarda ilkinji partiýa guramalarynyň işjeňleri tarapyndan syýasy çykyşlar guralýar. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, başlangyçlary wagyz-nesihat edilýär. Milli Liderimiziň täze kitaplarynyň tanyşdyrylyşy, okyjylar konferensiýasy yzygiderli geçirilýär. Bu işe diňe bir partiýa agzasynyň däl-de, eýsem, hiç bir partiýada durmaýan adamlaryň işjeň gatnaşmagy, öz pikirini aýtmagy hem çäreleriň täsirli bolmagyna oňyn ýardam edýär.

Sporta we sagdyn durmuş ýörelgesine bagyşlanan köpçülikleýin çäreler berk bedenli ýaşlary kemala getirmekden ybaratdyr. Köpçülikleýin jemgyýetçilik-syýasy çäreler ösüp gelýän ýaş nesilleriň aňynda halka, Watana, hormatly Prezidentimize bolan söýgini ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir. Şonuň üçin TDP-niň etrap we şäher komitetleri bu meseleleri hemişelik üns merkezinde saklaýarlar. Her ýylda Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti tarapyndan «Iň işjeň partiýa guramalary», «Iň gowy partiýa işini alyp barýan etrap, şäher komitetleri», «Iň oňat wagyz ediji», «Meniň şäherim—meniň öýüm» ady bilen bäsleşikler geçirilýär. Olaryň baş maksady ilkinji partiýa guramalarynyň we partiýa komitetleriniň işjeňligini döwrüň talabyna laýyklykda ýokary götermekden ybaratdyr. Bäsleşikleriň netijesi Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň döredilen güni bilen gabatlanyp jemlenýär. Ýeňiji diýlip ykrar edilenlere degişli sylaglar dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Döwür gowulyga tarap özgerýär. Sanly tehnologiýalar durmuşa ornaşdyrylýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň welaýat komiteti mundan beýläk hem ýerlerdäki guramalary bilen arkalaşykly işläp, Arkadag Prezidentimiziň raýatlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen syýasatyny halk köpçüligine wagyz-nesihat etmekde we düşündirmekde maksada okgunly çäreleri durmuşa geçirer.

Bibiaýşa SAPAROWA,

TDP-niň welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini ýerine ýetiriji.

«Balkan» gazeti.