Komitetler

MERTLIK MEKDEBI

Hormatly Prezidentimiz 1941 — 1945 nji ýyllarda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan weteranlary, urşa gatnaşyjylaryň ýanýoldaşlaryny hem-de uruş ýyllarynda tylda zähmet çeken weteranlary «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen sylaglamak hakyndaky Permana gol çekdi. Ýakynda şu mynasybetli etrabymyzyň «Ýagty ýyldyz» toý mekanynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Oňa uruş ýyllarynyň adamlarynyň köpüsi gatnaşyp, olara hormatly Prezidentimiziň adyndan ýubileý medaly bilen gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy. Sylaga mynasyp bolanlar özleri üçin edilýän aladalara tüýs ýürekden hoşal bolup, Gahryman Arkadagymyza alkyş aýtdylar.

Sapargül REJEPOWA,

TDP-niň Boldumsaz etrap komitetiniň başlygy.