Komitetler

MILLI DÖWLETLILIGIŇ BERK BINÝADY

Golaýda Garagum etrabyndaky «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda «Konstitusion özgertmeler — milli döwletliligiň berk binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Garagum etrap häkimliginiň. TDP-niň Garagum etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen dabara bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri. ýaşuly nesliň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Işjeň häsiýete eýe bolan dabaraly maslahatda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň umumadamzat gymmatlyklaryna eýe bolan özbaşdaklyk. berkarar döwletlilik, agzybirlik baradaky kadalary özünde jemläp. döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň ygtybarly hukuk esaslaryny döretmegiň. şeýle hem raýatlaryň syýasy, zähmet, durmuş. medeni we beýleki binýatlyk hukuklaryny üpjün etmegiň mäkäm kanuny binýadyny emele getirýändigi, Esasy Kanunymyzyň merdana türkmen halkynyň özbaşdak ösüş ýoluny saýlap almak. demokratiýanyň, ynsanperwerligiň we adalatyň dabaralanmagy baradaky asyrlarboýy eden arzuwlarynyň wysalydygy buýsanç bilen bellenildi.

Şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýurdumyzda Konstitusiýanyň, onuň kadalaryndan gözbaş alýan milli kanunçylygyň kämilleşdirilmeginiň, ähli raýatlaryň öz hak-hukuklaryndan deň derejede doly peýdalanmaklary üçin zerur şertleriň döredilmeginiň döwlet syýasatynyň wajyp taryhy ädimleri bolup durýandygy baradaky buýsançly söhbetler belent heňde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlaryň owazy bilen utgaşdy.

Näzik BÄŞIMOWA,

TDP-niň Garagum etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.