Komitetler

MILLI GYMMATLYKLARYŇ GÖZBAŞY

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» şygary bilen geçýän ýylda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 29 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitabynyň çap edilmegi we okyjylara ýetirilmegi bagtyýar halkymyza Arkadagymyz tarapyndan ajaýyp sowgat boldy. Hormatly Prezidentimiziň täze kitaby 12 bölümden ybarat bolup, onda durmuşyň gönezligi, ebedi ýaşaýşyň ugurlary, zeminiň abatlygy, ylym-bilimiň ähmiýeti, agzybirlik, sagdyn durmuş ýörelgeleri, myhmansöýerlik, dost-doganlyk gatnaşyklary, döwletlilik ýol-ýörelgesi, ynsaplylyk, zähmetsöýerlik möhüm orun eýeleýär.

Mundan başga-da, türkmenleriň täze taryhy eýýamy, onuň milli medeni mirasy, ruhy-ahlak gymmatlygy, hoşniýetliligi, bitaraplyk ýol-ýörelgesi baradaky oý-pikirler bu ajaýyp kitabyň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň bada-bat okyjylar köpçüliginiň göwnünden turandygyny bellemek gerek.

Şu günler ilkinji partiýa guramalarynyň guramagynda edara-kärhanalarda bolup geçýän tanyşdyrylyş dabaralarynyň dowamynda Arkadag Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly täze kitaby bilen baglanyşykly çykyş edýänler türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryna, örän baý we köptaraply medeniýetine hemişe üns berýändigi üçin hormatly Prezidentimize hoşallyklaryny beýan edýärler.

Orazgeldi MÄMMETGELDIÝEW,

TDP-niň Serdar etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.