Komitetler

MILLI ÝÖRELGELERIMIZ ROWAÇLANÝAR

TDP-niň Bäherden etrap komiteti Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň taryhy çözgütlerini wagyz-nesihat etmek boýunça ýerli edara-kärhanalarda, obalarda, daýhan birleşiklerinde il arasynda yzygiderli çäreleri geçirýär. Golaýda şeýle çäreler etrabymyzyň Bäherden we Kelete sement zawodlarynda, Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dokma we ýüplük fabriginde, Arçman oba medeniýet öýünde guramaçylykly geçirildi.

Şol çärelerde çykyş edenleriň aýdyşy ýaly, Halk Maslahaty Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda hem-de umumy ykrar edilen demokratik ýörelgeler esasynda hereket edýän ýokary wekilçilikli edara bolmak bilen, döwürleriň we nesil dowamatynyň özara baglanyşygyny hem-de Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halk häkimiýetliligiň gadymy däplerine, saýlanyp alnan döredijilik ýoluna ygrarlydygyny subut edýär. Agzybir halkymyz bolsa raýat jemgyýetimizde demokratik işleri barha rowaçlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan syýasatyny tüýs ýürekden goldaýar we üstünlikli durmuşa geçirýär.

Rahmanberdi ANNALYYEW,

TDP-niň Bäherden etrap komitetiniň başlygy.