Komitetler

MIZEMEZ DOSTLUK DÄPLERINE EÝERIP

Milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ähli ugurlarda batly gadamlar bilen ösüşleriň täze belentliklerine barýar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň Halkara baýramy hökmünde ýokary derejede belleniljek 2020-nji ýylyň hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýyly diýlip atlandyrylmagyndan ruhlanan halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň daşyna has hem jebisleşip, uly ruhubelentlik bilen zähmet çekýär.

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwlan Garaşsyzlygyny gazanan Türkmenistan turuwbaşdan «Açyk gapylar» syýasatyny yglan etdi we hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şu günlerde hem bu ýörelgä ygrarly bolup, oňyn hemişelik Bitaraplyk syýasatyny yzygiderli dowam etdirýär hemde bu ugurda uly halkara abraýyna eýe bolýar. Türkmen halky gadymdan goňşuçylyk gatnaşyklaryna uly sarpa goýýan parahatçylyk söýüji halk hökmünde tanalýar. Şol ynsanperwer ýörelgä eýerip, häzirki döwürde hem hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda goňşy döwletler bilen, şol sanda dünýäniň beýleki ýurtlary bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we söwda aragatnaşyklary ýola goýuldy we üstünlikli dowam etdirilýär.

1995-nji ýylda dünýäniň 185 döwletiniň goldamagynda Birleşen Milletler guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy bilen Türkmenistana hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy berildi. Şol günden başlap hem ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmek maksady bilen, birnäçe ähmiýetli işleri yzygiderli amala aşyrdy. 2007-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabat şäherinde BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Şondan bäri hem Aşgabat şäherinde sebitde parahatçylygy ýola goýmak maksady bilen, sebitiň döwlet ýolbaşçylarynyň, dünýäniň bu ugurdaky abraýly guramalarynyň degişli düzüm bölekleriniň ýolbaşçylarynyň netijeli duşuşyklarynyň birnäçesi geçirildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine ygrarlylygy, şeýle hem bu ugurda alnyp barlan ägirt uly ähmiýetli işler göz öňünde tutulyp, 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy 193 döwletiň goldamagynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ikinji gezek tassyklanyldy.

Hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy ýurdumyzda we sebitde parahatçylygy üpjün etmäge ýardam berdi. Munuň esasynda, şeýle hem «Açyk gapylar» syýasatynyň netijesinde Türkmenistanda dünýäniň örän köp ýurtlarynyň işewür adamlary, dünýä belli gurluşyk we başga ugurly kompaniýalary maýa goýýarlar we gurluşyklary alyp barýarlar. Bu bolsa biziň ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň güýçli depginde ösmegini, halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagyny üpjün edýär.

Häzirki döwürde ýurdumyz dünýäniň ýüzlerçe döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýdy. Dünýä döwletleri bilen deňiz, howa, demir hem awtomobil ýollary arkaly ykdysady, söwda we beýleki gatnaşyklar giň gerimde alnyp barylýar. Gadymdan gelýän Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge ägirt uly ähmiýet berýän Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary bilen sebitiň ýurtlaryny birleşdirýän demir ýollaryň ýüzlerçe kilometri gurlup, ulanylmaga berildi. Aşgabat —Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy güýçli depginlerde alnyp barylýar. Sporty parahatçylygyň ilçisi, sagdynlygyň sakasy hökmünde ykrar edýän ýurdumyz köpçülikleýin sportuň wagyz edilýän, halkara sport bäsleşikleriniň, dünýä çempionatlarynyň geçirilýän ýerine öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan ynsanperwer we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty esasynda goňşy döwlet bolan Owganystanyň halkyna kömek bermek maksady bilen, ynsanperwerlik ýükleri yzygiderli iberilýär. Ýaňy-ýakynda hem şeýle ýükleriň täze tapgyry ugradyldy. Gahryman Arkadagymyz abraýly halkara guramalarynyň geçirýän forumlarynda ýurdumyzyň «Açyk gapylar» syýasatyna esaslanýan, dünýäde parahatçylygy, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär we bu ugurda ýurdumyzda anyk işler alnyp barylýar.

Dünýä ýurtlary bilen parahatçylykly gatnaşyklary ýola goýmak, sebitiň we dünýäniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýdýarys.

Tahyr NURYÝEW,

TDP-niň Kaka etrap komitetiniň başlygy.