Komitetler

MUKADDES TOPRAGA TAGZYM

Hezreti Magtymgulynyň obasynda

Köpden bäri ýüregimde Magtymguly atamyzyň dogduk mekany Gerkez obasyna zyýarata gideýin diýen niýetim bardy. 2019-njy ýylda körpe oglum Isa Türkmenistanyň Oguzhan adyndaky inžener-tehnologik uniwersitetini üstünlikli tamamlap, harby gulluga, Watan goragyna gitdi. Munuňam nesibesi bolup Balkan welaýatyna düşdi. Şeýdip, gökdäki arzuwymyz ýerde gowuşdy, hem-ä harby kasama gatnaşarys, gaýdyşyn bolsa mukaddes toprak bolan Magtymguly etrabyna zyýarata bararys, iki işimiz birlikde bitjek diýip maşgalam Hurmagözel bilen ýola düşdük.

Biz Serdar şäherinden çepe sowlup, Magtymguly etrabynyň üsti bilen ýöräberdik. Ine-de ajaýyp daglar, bu gözelliklerden hiç doýup bolanok. Türkmenistanda şeýle ajaýyp ýerleriň, daglaryň bardygyna guwanýarsyň, öz Watanyňa, Diýaryňa bolan söýgiň artýar.

Magtymguly etrabynyň çäklerine girenimizden, Magtymguly atamyň ruhuny duýup ugradyk. Şular ýaly gudratly toprakda, beýik ynsanyň, Magtymguly ýaly beýik akyldaryň, beýik şahyryň dörändigine begenýärsiň, buýsanýarsyň, gözüňe begenç gözýaşlarynyň dolýandygyny duýup galýarsyň.

Biz myhman ýelimizde dem-dynjymyzy alyp, ertir oglumyzyň harby kasamyny sowup, ol gün hem öz myhman bolan öýümizde bolduk. Ertesi yzymyza gaýtdyk. Şol gün günortan biz mukaddes Magtymguly etrabyna bardyk. Biz gije Parhaý jülgesinde myhman bolduk. Nähili ajaýyp jülge daş-töweregiň dag, çeşmäniň suwy akyp dur, janly tebigatyň içinde bolmak gör nähili ajaýyp. Tebigat bilen şeýle ýakynlykda bolmak adama, gör nähili, lezzet berýär, ruhuň galkynýar.

Parhaý jülgesinde daňyň atyp gelşine daş-töwerekdäki daglara syn edip oturdym. Gök gümmürdäp, çalaja ýagyş ýagyp dur, bir ýerden türkmen goýun itiniň — alabaýynyň sesi gelýär.

Bu gözelliklere göwnüm göterlip, Magtymguly atamyzyň ýadyma düşen goşgy setirlerini Gün dogýança okadym. Parhaý jülgesinde Magtymguly atamyň ajaýyp goşgulary ýaňlandy durdy.

Biz ertirlik naharymyzy edindik-de, ilki bilen, Şiblibabanyň guburyna zyýarata bardyk, ondanam Magtymguly atamyzyň dogduk obasy Gerkeze zyýarata ugradyk. Biz Magtymguly atamyzyň Gerkezdäki muzeýine baranymyzda, entek muzeý açylmandy. Biz bilenimizden doga-dileg edip, Magtymguly atamyzyň ruhuna bagyşladyk. Muzeý açylýança Gerkez obasyna aýlandyk. Ine-de, çeşmäniň boýunda bir ýaşuly ulagyny ýuwup dur. Biz ýaşuly bilen salamlaşyp, saglyk-amanlyk soraşyp: «Agam, obada Magtymguly atamyzyň neberelerinden, garyndaşlaryndan kim bar, habarlaşar ýaly» diýip soradyk. Ol ýaşuly: «Inim, Gerkez obasynyň ähli adamlary Magtymguly atamyzyň garyndaşlarydyr» diýip ajaýyp jogap berdi. Men içimden: «Bütin türkmen halky Magtymguly atamyzyň nebereleri, nesilleridir» diýip pikir etdim. Oguz han ýaly, Magtymguly atamyz ýaly, Görogly beg ýaly pälwanlary bolan halk beýikdir, mukaddesdir, ruhy synmazdyr.

Men ýaşula: «Agam, muzeý açylýança Magtymguly atamyzyň goşgularyny diňlär ýaly kimiň ýanyna barsak bolar, maslahat beriň» diýip haýyş etdim. Ol ýaşuly uly ýoluň ugrunda 80-den geçen halypa mugallymyň bardygyny salgy berdi.

Biz salgy berlen ýe le bardyk, ýoluň ugrunda iki gelneje we bir uly gyz bar eken. Biz salam berip, halypa mugallymyň öýüni soradyk. Gelnejeleriň biri şol mugallymyň gelinleriniň biri eken. Ol ýaşulynyň düýn uly oglunyňka myhmançylyga gidendigini aýtdy. Uly gyz: «Siz beýle gyzyklanýarsyňyz welin, näme işiňiz bardy?» diýip sorady. Men: «Biz Baýramalydan gelip Magtymguly atamyza hormat edip, zyýarata aýlanyp ýörüs. Muzeý açylýança wagtymyzy boş geçirmäli diýip, Magtymguly atamyzyň goşgularyny diňlemekçi bolýarys» diýdim. Ýaňky gyz:

- Daýy, eger rugsat berseňiz, men Magtymguly atamyzyň goşgusyny okap bereýin — diýdi. Onsoň ýaňky gyz Magtymguly atamyzyň goşgularyny yzly-yzyna ýatdan okap başlady. Biz hezil edip diňledik, arasynda säginip dynç alanda, «Yzynam oka, gyzym» diýip gelnejeleriň biri söze goşuldy. Biz bir sagatlap hezil edip, akyldaryň goşgularyny diňledik. Men:

- Tüweleme, gyzym, sen-ä duran zehin ekeniň, bagtyň bolsun, diňläp hezil etdik — diýdim.

Soň barsak, Magtymguly atamyzyň muzeýi açylypdyr. Muzeýiň işgärleri bizi gowy garşyladylar. Biz muzeýe aýlanyp bolanymyzdan soň, muzeýiň işgärlerine bir haýyşymyň bardygyny aýtdym. Men olardan, mümkin bolsa şu mukaddes obanyň topragyndan bir gysym alyp bermeklerini haýyş etdim. Meniň haýyşymy kanagatlandyrdylar.

Biz muzeýiň işgärlerinden galy hoşal bolup, hoşlaşdyk. Ol gün dem-dynç alyp, ertesi irden Magtymguly şäherindäki täze muzeýe zyýarata aýlandyk. Biz iki gün Magtymguly etrabynda bolup, öýümize gaýtdyk.

Şeýlelikde, Gahryman Arkadagymyzyň beýik akyldarymyz Magtymguly atamyzyň hormatyna edýän ajaýyp işlerine hoşallygymyz buýsanja öwrüldi.

Gahryman we mähriban Arkadagymyza berk jan saglyk, uzak ömür, alyp barýan döwletli işlerinde rowaçlyk arzuw edýäris.

Muhammetmyrat BERDIÝEW.

Baýramaly agrosenagat orla hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

TDP-niň işjeň agzasy.

“Maru-şahu jahan” gazeti.