Komitetler

ÜNS BERIŇ, BÄSLEŞIK!

«Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komitetiniň bilelikde guramagynda 2020-nji ýylyň «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli ata Watanymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek, hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileý toýuny mynasyp garşylamak maksady bilen «Bitaraplyk — ýürekleriň aýdymy» atly yglan edýän döredijilik bäsleşiginiň

Düzgünnamasy

Üstümizdäki — 2020-nji ýyl Türkmenistan we halkara jemgyýetçilik üçin sözüň doly manysynda taryhy ähmiýetli ýyl bolar. Şu mynasybetli Garaşsyz, özygtyýarly döwletimiz şanly Bitaraplygynyň ýigrimi bäş ýyllyk ýubileý baýramçylygyna ägirt uly ykdysady ösüşlere, medeni-ruhy galkynyşlara beslenip barýar. Häzirki zamanyň halkara gatnaşyklar ulgamynda özüniň mynasyp we täsirli ornuny barha berkidýän hemişelik Bit arap Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygy bilen parahatçylygyň we durnukly ösüşiň täze ýeňişli sepgitlerine tarap ynamly öňe barýar. Sebit we dünýä syýasatynda milli hem-de ählumumy bähbitleri nazara almak bilen, Türkmenistan hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak, adalatlylyk we deňhukuklylyk ýörelgelerinden ugur almak arkaly aýdyň maksatlara esaslanýan köptaraplaýyn we toplumlaýyn häsiýetdäki daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýar. Şuňa laýyklykda ata Watanymyzyň hoşniýetli goňşuçylyk, deňhukukly we özara bähbitli halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanyp alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek we dünýä ýaýmak höwesi ildeşlerimiziň her biriniň ýüregini joşduryp, ylhamyna ylham goşýar. Üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinden okyjylar köpçüliginiň redaksiýamyza hat üsti bilen ýollaýan makalalaryny we goşgular toplumyny mazmun we çeperçilik taýdan has-da baýlaşdyrmak maksady bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk ýubileý toýy mynasybetli «Türkmen gündogary» welaýat gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Lebap welaýat komiteti bilen bilelikde «Bitaraplyk — ýürekleriň aýdymy» atly döredijilik bäsleşigini yglan edýär.

Bäsleşik şu aşakdaky üç ugur boýunça geçirilýär:

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen kabul edilen «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny» üstünlikli durmuşa geçirmäge saldamly goşant goşýan ildeşlerimiziň zähmetini, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň dünýäniň ösen döwletleri bilen alyp barýan özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň hem-de dostana gatnaşyklarynyň oňyn netijesini we möhüm ähmiýetini, şeýle-de ýurdumyzyň aýry-aýry ulgamlarynda we pudaklarynda ýola goýlan halkara hyzmatdaşlygynyň netijesinde gazanylan şanly üstünlikleri çeper beýan edýän iň gowy makalalar, goşgular, hekaýalar boýunça birinji, ikinji we üçünji baýrakly orunlar bellenilýär. Oňa ýaşyna we işine garamazdan, ähli okyjylar gatnaşyp bilerler.

Bellik: Bäsleşige şu bildiriş metbugatda çap edilen gününden başlap, 2020-nji ýylyň 10-njy dekabryna çenli bolan döwürde welaýat «Türkmen gündogary» gazetinde çap edilen işler gatnaşdyrylar. Ýeňiji bolanlar Halkara Bitaraplyk baýramynyň bellenilýän günlerinde yglan ediler we olara dabaraly ýagdaýda sowgatlar gowşurylar.

Döredijilik bäsleşigine hödürlenilýän işler şu aşakdaky salga:

Türkmenabat şäheri, S.A.Nyýazow şaýolunyň 42-nji jaýy, welaýat «Türkmen gündogary» gazetiniň redaksiýasy, «Bitaraplyk — ýürekleriň aýdymy» atly döredijilik bäsleşigine diýlip ugradylmaly.

“Türkmen gündogary” gazeti.

03.03.2020ý.