Komitetler

PAGTA HARMANY BEÝGELÝÄR

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynyň bereketli gowaça hasylyny ýygnap almak möwsümine ýokary guramaçylykly girişen Sarahs etrabynyň edermen pagtaçy babadaýhanlary atyzlardan hasyly gysga möhletde ýygnap almagyň aladasy bilen işleýärler. Hasyl ussatlary hormatly Prezidentimiziň daýhanlar üçin döredip beren giň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanyp, ýygymyň her gününi üstünliklere besleýärler.

Etrabyň «Watan» daýhan birleşiginiň zähmetsöýer pagtaçylary 1140 gektar meýdanda bol hasyl ýetişdirip, ony gysga wagtda ýygnap almagy maksat edinýärler. Hojalykda kärendeçi toparlaryň 6-sy bolup, olaryň her birinde ýetişdirilen hasyly çalt we zaýasyz ýygnap almakda önjeýli zähmet çekilýär. Ýygnalan hasylyň kabul ediş harmanhanalaryna bökdençsiz ugradylmagy gündelik tabşyrygyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmäge ýardam edýär.

Bol hasylly meýdanlarda özara ýaryşyň ruhlandyryjy güýç bolup durýandygyna oňat düşünip, işleýän pagtaçylaryň her günki gazanýan iş netijeleri has ýokarlanýar. Öwezgeldi Täşliýew tarapyndan ýolbaşçylyk edilýän 4-nji kärendeçilik toparyň pagtaçy kärendeçileriniň ýygymda öň hatarda barýandyklaryny olaryň gazanýan iş netijeleri bilen tanşanyňda doly göz ýetirýärsiň. Toparyň kärendeçileri şu ýyl 155 gektar meýdanda gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirip, ondan 350 tonna pagta almak ugrunda göreşýärler. Ýygym möwsüminiň ilkinji günlerinden başlap kärendeçi maşgalalar özleriniň der döküp ýetişdiren hasylyny ýygnap almakda ähli mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanýarlar. Olaryň arasynda Maýa Amanowa, Orazmyrat Amanmyradow ýaly kärendeçiler tabşyrygy üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda erjellik görkezip işleýärler. Kärendeçileriň arasynda özara ýaryşlar guralyp, olary höweslendirmek çärelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Günortan arakesmede pagtaçylaryň medeniýetli dynç almaklary üçin zerur şertleriň döredilmegi ýurdumyzda bolup geçýän täzelikler bilen tanyşdyrylmagy zähmetkeşleri täze ýeňişlere ruhlandyrýar.

Mähri IŞANGULYÝEWA,

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Sarahs etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.

“Ahal durmuşy” gazeti.