Komitetler

PARAHATÇYLYK, ABADANÇYLYK WE DOST-DOGANLYK BERKEÝÄR

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda uly ösüşlere, özgerişlere beslenýän Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ýokary halkara abraýynyň hem-de ýurdumyzyň öňe sürýän netijeli başlangyçlarynyň ählumumy ykrarnama eýe bolmagy halkymyzyň göwün guşuny ganatlandyrýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 73-nji sessiýasynyň 106-njy umumy mejlisinde BMG-ä agza döwletleriň ählisiniň goldamagy netijesinde, hormatly Prezidentimiziň öňe süren teklibi esasynda 2021-nji ýyly — «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama biragyzdan kabul edildi. Bu Kararnamanyň kabul edilmeginiň ägirt uly ähmiýete eýe bolandygyny uly buýsanç bilen belläsimiz gelýär.

Hemişelik Bitarap döwletimiz Birleşen Milletler Guramasynyň doly hukukly agzasy hökmünde onuň ýolbaşçy düzümleriniň işine işeňňir gatnaşýar. Diňe 2019-njy ýylyň dowamynda Diýarymyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň üç möhüm edarasyna, ýagny Ilat gaznasyna we ösüş baradaky, şeýle hem Neşe serişdeleri baradaky Komissiýalaryna, Bütindünýä azyk maksatnamasynyň Ýerine ýetiriji Geňeşine saýlanmagy, bu abraýly guramanyň Baş Assambleýasynyň türkmen tarapynyň başlangyjy bilen « Birleşen Milletler Guramasy we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlyk» baradaky Kararnamalaryny kabul etmegi häzirki döwrüň möhüm meselelerini çözmek boýunça giň hyzmatdaşlygyň alnyp barylmagynda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk ýörelgesiniň ähmiýetli gazananlary bolup durýar. Bu başlangyçlar Milletler Bileleşiginde giň seslenme döredip, Birleşen Milletler Guramasy bilen tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbitlerine we BMG tarapyndan yglan edilen 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlaryna hem-de wezipelerine laýyk gelýän oňyn hyzmatdaşlygyň hemmetaraplaýyn çuňlaşdyrylmagy we giňeldilmegi babatdaky işleri amala aşyrmaga Türkmenistanyň gyşarnyksyz taýýardygynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny iş ýüzünde amala aşyrmak, parahatçylygy gorap saklamak we dürli döwletleriň arasynda özara ynanyşmagyň medeniýetini ýokarlandyrmak boýunça öňe sürýän halkara başlangyçlary aýratyn ähmiýete eýedir. Hemişelik Bitaraplyk bagtyna daýanyp, dünýäniň ösen döwletleri bilen özara bähbitli ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklaryň ýola goýulmagy eziz Diýarymyzyň ykdysady kuwwatyny halkara derejesine çykarmaga ak ýol açdy. Bu bolsa bagtyýar halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden ykrar edilen hemişelik Bitaraplyga daýanyp, «Açyk gapylar» syýasatynyň durmuşa geçirilmegi, dürli döwletler we halklar bilen özara peýdaly gatnaşyklaryň ösdürilmegidir. Bularyň hemmesi Türkmenistanyň halkara abraýynyň ýokarlanýandygynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

«Açyk gapylar» syýasatyny ýöredýän berkarar Watanymyz häzirki wagtda goňşy döwletler, şeýle hem ýer ýüzüniň dürli ýurtlary bilen parahatçylykly, hoşniýetli, özara bähbitli syýasy ykdysady we medeni ynsanperwer hyzmatdaşlygy alyp barýar. Ýakynda milli Liderimiziň Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy we daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyz bilen geçirilen wideomaslahatlary hem netijeli häsiýete eýe boldy. Onda ynsan saglygyny gorap saklamak babatda öňde durýan wezipeleri hemmetaraplaýyn durmuşa geçirmegiň, halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigi bellenildi. Bu bolsa milli Liderimiziň durmuşa geçirýän «Açyk gapylar» syýasatynyň dabaralanýandygynyň subutnamasydyr.

BMG tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hökmünde Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugruny barha berkidýär. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» hakynda Kararnama kabul edildi. Netijede Bitaraplyk ýörelgesi ýurdumyzyň daşary syýasat ugrunyň esasyna öwrüldi. Türkmenistanyň bu halkara hukuk ýagdaýy BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» Kararnamasy bilen ikinji gezek hem ykrar edildi.

Goý, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň dünýä ähmiýetli beýik işleri we Gahryman Arkadagymyzyň tutumly başlangyçlary geljekde-de rowaçlansyn!

Bibiaýşa SAPAROWA,

TDP-niň Balkan welaýat komitetiniň başlygynyň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji.