Komitetler

ÝÜREGE ÝAKYN ESERLER

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň Syýasy jemgyýetçilik edebiýatlar bölüminde kitaphana işgärleri hem-de kitaphana bilen yzygiderli aragatnaşyk saklaýan okyjylar köpçüliginiň gatnaşmagynda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan kitaplary esasynda söhbetdeşlik çäresi geçirildi. Kitaphana işgärleriniň guran «Berkarar döwletimiziň bagty ýarlyk döwri» atly kitap sergisi de özüneçekiji boldy. Onda hormatly Prezidentimiziň döwet galamyndan çykan «Türkmen alabaýy» atly kitaby we beýleki çuň manyly eserleri ýerleşdirildi.

Arkadag Prezidentimiziň kitaplary täze üstünliklere joşgunly badalga çeşmesi bolup hyzmat edýär. Serginiň dowamynda okyjylara kitaphana işgärleriniň taýýarlan şekilli, edebi-sazly tanyşdyrmalary hem hödürlenildi.

Aýbölek ARAZOWA,

Köneürgenç etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy,

TDP-niň Köneürgenç etrap komitetiniň işjeň agzasy.