Komitetler

ÝÖRELGÄMIZ — SAGDYNLYK

Golaýda Murgap etrabyndaky orta mekdepleriň birnäçesinde geçiren wagyz-nesihat çärelerimize hem il sylagly ýaşulular, baý durmuş tejribesi bolan eneler, mekdep mugallymlary we ýaş nesliň wekilleri işjeň gatnaşyp, halkymyzyň şöhratly geçmişi, baý ruhy-medeni gymmatlyklary, täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ata Watanymyzda eýelenýän belent sepgitler hakynda edilen täsirli gürrüňler çuň many-mazmuna baý boldy.

Çykyşlarda milli Liderimiziň halkymyza peşgeş beren ajaýyp kitaplarynyň watansöýüjiligiň we halallyk ýörelgeleriniň merdana halkymyzyň asyrlarboýy taraşlap hem kämilleşdirip gelen ahlak gymmatlyklarynyň esasyny düzýändigi barada bellenildi. Halkymyzyň saglygy, her bir raýatyň beden we ruhy taýdan kämilleşmegi baradaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlän hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýurdumyzda häzirki zaman bedenterbiýe we sport toplumlarynyň, sport mekdepleriniň we beýleki ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalaryň gurluşygynyň giň gerime eýedigi hakyndaky gürrüňler hem örän täsirli boldy.

 

Gurbangül MÄDENOWA

TDP-niň Murgap etrap komitetiniň başlygy

“Galkynyş” gazeti

04.11.2020 ý