Komitetler

ROWAÇLYGYŇ RÖWŞEN ÝOLUNDA

Ösüş-özgerişleriň rowaç gadamlary bilen nurana geljege barýan Watanymyzda Gahryman Arkadagymyzyň jemgyýeti işjeňleşdirmek we döwlet häkimiýetiniň kanun çykaryjylyk işini demokratiýalaşdyrmak boýunça öňe sürýän başlangyçlary halkymyzyň gyzgyn goldawyna eýe bolýar.

Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeleriň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň hem-de onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň işini kämilleşdirmekden ybarat bolup durýar.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda geçirilen taryhy mejlisinde ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi we Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek barada başlangyç öňe sürüldi. Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtget meleri we goşmaçalary girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Onuň birinji mejlisinde toparyň iş meýilnamasy tassyklanylyp, agzalarynyň öňünde anyk wezipeler goýuldy, şeýle hem guramaçylyk meseleleri kesgitlenildi.

2019-njy ýylyň oktýabryndan, ýagny Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň hereket edip başlan döwründen bäri eziz Diýarymyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň taryhy ähmiýeti we «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda düşündirmek boýunça zerur işler ýaýbaňlandyrylyp, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, edara-kärhanalarynda we okuw mekdeplerinde wagyz-nesihat ýygnaklary, ylmy-amaly maslahatlar yzygiderli geçirildi. Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar hem-de özara pikir alyşmalar guraldy.

Mahlasy, ýurdumyzda ýaşaýan her bir adam üçin taslamanyň many-mazmuny bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik döredildi. Şonuň bilen birlikde, raýatlar özleriniň tekliplerini we başlangyçlaryny Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparyna ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň oňyn halkara tejribesine hem-de ata babalarymyzyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda toplan tejribesine laýyklykda taryhy köklerimize daýanyp, öňe süren başlangyçlaryny goldap müňlerçe teklipler beýan edildi. Munuň özi bütin halkymyzyň hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyçlaryny goldap, eziz Watanymyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşmak bilen, bagtyýar geljegimizi üpjün etmäge mynasyp goşant goş ýandygynyň, ata-babalarymyzdan gelýän milli demokratik ýörelgelerimiziň mundan beýläk hem ösdürilýändiginiň we ýurdumyzyň raýatlarynyň syýasy düşünjeliliginiň barha ýokarlanýandygynyň beýanyna öwrüldi.

Konstitusion toparyň üstümizdäki ýylyň 19-njy awgustynda geçirilen jemleýji mejlisinde bellenilişi ýaly «Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky» Konstitusion kanunyň taslamasy halkymyzda uly gyzyklanma döretdi. Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň Parlamentini Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldap, müňlerçe raýatlarymyz maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler hem-de öz tekliplerini berdiler. Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak, Parlamentimiziň Halk Maslahaty palatasynyň düzümini emele getirmek boýunça welaýatlardan we Aşgabat şäherinden wekilleriň sany, olary saýlamagyň we bellemegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar we olaryň ygtyýarlyk möhleti barada Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalar giň goldawa eýe boldy.

Hormatly Prezidentimiziň: «Konstitusiýamyzda biz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýip kesgitledik. Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir diýip beýan etdik. Bu biziň döwlet syýasatymyzy kesgitleýän esasy kadalardyr. Biziň täze parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyjymyz hem Esasy Kanunymyzda beýan edilen şu kadalardan gelip çykýar» diýen sözlerinde ýurdumyzda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň düýp mazmuny aýdyň beýan edilýär.

Demokratiýany we halk häkimiýetliligini has-da ösdürmek, döwlet häkimiýet edaralarynyň işini mundan beýläk hem kämilleşdirmek arkaly halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan asyrlara barabar işleriň mazmunynda milli Liderimiziň öňe süren başlangyçlary ählihalk goldawyna eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli we çuň paýhasly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşleriň aýdyň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň daşynda jebisleşen agzybir halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda durmuşa geçirilýän konstitusion özgertmeler biziň her birimiziň eşretli durmuşda ýaşamagymyza gönükdirilendir.

Gurbannepes TÄÇMEDOW,

TDP-niň Köneürgenç şäher komitetiniň partiýa guramaçysy.