Komitetler

ROWAÇLYKLARYŇ ÝOLUNDA

Täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ähli pudaklar bilen birlikde elektroenergetika pudagyny ösdürmäge hem uly üns berilýär. Halkara hyzmatdaşlygynyň has ýygjamlaşýan häzirki döwründe Türkmenistan elektrik energiýasyny daşary döwletlere iberiji ýurt hökmünde dünýäniň energiýa bazarlarynda barha giňden tanalýar. Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan transmilli gaz geçirijisiniň ugrunda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurluşygynyň alnyp barylmagy hem sebit derejesinde aýratyn uly ähmiýete eýedir.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisiniň gurulmagy onuň düzümine degişli ähli desgalary elektrik energiýasy bilen üpjün etmek bilen çäklenmän, eýsem, togy Owganystanyň üsti bilen Pakistana hem-de Günorta Gündogar Aziýanyň beýleki ýurtlaryna eksport etmäge mümkinçilik berer. Munuň özi Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň elektrik geçiriji ulgamlarynyň geljekde bir bitewi ulgama, bir şaha birikdiriljekdigini hem aňladýar. Görşümiz ýaly, gurluşygyna badalga berlen Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi diňe bir Owganystanyň däl, eýsem, tutuş Aziýa yklymyndaky ençeme döwletleriň durmuş ykdysady ösüşine itergi berer.

Häzirki wagtda Türkmenistan Owganystan bilen goňşy ýurt hökmünde bu ýurtda durnuklylygy pugtalandyrmaga, onuň durmuş ykdysady düzümini dikeltmäge, owgan halkyna ynsanperwerlik kömegini bermäge gönükdirilen halkara tagallalara işjeň gatnaşýar. Şu maksatlar esasynda häzir biziň ýurdumyz owgan hyzmatdaşlary bilen bilelikde, halkara taslamalaryň birnäçesini amala aşyrýar, Owganystan döwletine elektrik energiýasyny ýeňillikli bahalardan berýär. Ymamnazar—Andhoý we Serhetabat — Hyrat elektrik geçirijileriniň gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Türkmenistanyň elektrik ulgamynyň esasy şahalarynyň biri bolan Marynyň döwlet elektrik stansiýasy diňe bu welaýatyň däl, eýsem, öz zerurlyklaryndan başga daşary ýurtlara iberilýän elektrik energiýasyny köpeltmekde-de möhüm ähmiýete eýe bolup durýar, şol sebäpli hem soňky ýyllarda bu stansiýanyň önümçilik kuwwatlylygy artdyryldy we döwre bap tehnologiýalar bilen üpjün edildi.

Häzirki bagtyýar zamanamyzda elektrik energiýasy biziň durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Islendik ösen döwletiň durmuşyny elektrik energiýasyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Adamzadyň ýaşaýşyny gowulyklara özgerdýän, öýlerimize ýagtylyk saçýan elektrik energiýasyny bu gün dürli maksatlar üçin peýdalanýarys. Bu bolsa häzirki wagtda Türkmenistanda döwrebap özgertmeleriň amala aşyrylyp, döwletimizde raýatlaryň bagtyýar ýaşaýşynyň üpjün edilýän diginiň subutnamasydyr, Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli amala aşmagydyr. Biz hem ýerlerdäki ilkinji partiýa guramalarymyzyň agzalary bilen hormatly Prezidentimiziň energetika syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygy baradaky wagyz-nesihat işlerini giň gerimde alyp barýarys.

Bazargeldi ÇARYÝEW,

TDP-niň Oguzhan etrap komitetiniň başlygy