Komitetler

RUHUBELENTLIGE BESLENDI

Ýakynda «Türkmenistan—Bitaraplygyň mekany» ýylyna bagyşlanyp, Garagum etrabyndaky «Bagtyýar türkmen» toý mekanynda dabaraly çäre geçirildi. Garagum etrap häkimliginiň, TDP-niň Garagum etrap komitetiniň we beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň guramagynda geçirilen dabara bilim we medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, ýaşuly nesliň wekilleri, dürli edara-kärhanalarda zähmet çekýän ýaşlar, ilkinji partiýa guramalarynyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Işjeň häsiýete eýe bolan dabaraly çärede hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünliklere we rowaçlyklara beslenýän «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzda berkarar döwletimiziň nusgalyk ösüşler bilen öňe barýandygy, kabul edilýän çözgütleriň mähriban halkymyzyň erkana, parahat we bolelin durmuşda ýaşamagyna gönükdirilýändigi barada gürrüň edildi. Şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen halkymyzyň hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmak, durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça alnyp barylýan işleriň ýurdumyzda adamyň iň gymmatly baýlykdygyna güwä geçýändigi, sagdyn durmuş ýörelgesine eýerilip, raýatlarymyzyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy üçin döredilýän şertler baradaky buýsançly söhbetler belentden ýaňlanan ajaýyp aýdym sazlaryň owazy bilen utgaşdy.

Şatlyk MÄMMETNIÝAZOW,

TDP-niň Garagum etrap komitetiniň başlygy.