Komitetler

RUHUBELENTLIGE BESLENDI

Kerki etrap häkimligi bilen TDP-niň Kerki etrap komitetiniň bilelikde guramagynda etrabymyzyň edara-kärhanalarynda, guramalarynda, önümçilik birleşiklerinde zähmet çekýän öňdebaryjy zenanlaryň, mährem eneleriň gatnaşmagynda baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşanlar mähriban gelin-gyzlarymyzy, ene-mamalarymyzy Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden gutlap, olara işlerinde üstünlik, maşgalalarynda abadançylyk arzuw etdiler.

Baýramçylyk dabarasy etrap medeniýet bölüminiň ýörite taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary bilen bezeldi. Dabara gatnaşan zenanlara TDP-niň Kerki etrap komitetiniň sowgatlary gowşuryldy.

Muhammet GANDYMOW,

TDP-niň Kerki etrap komitetiniň jogapkär işgäri.