Komitetler

RUHUBELENTLIKDE GEÇÝÄR

«Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylymyzyň her bir güni, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly, Dänew etrabymyzda hem ruhubelentlige beslenýär. Şu günler etrabymyzyň edara-kärhanalarynyň işgärleriniň gatnaşmagynda sportuň küşt, stol tennisi, futbol, gandbol, şaşka, woleýbol, dzýudo görnüşleri boýunça ýaryşlar guramaçylykly geçirilýär. Ýaryşlarda ýeňiji bolan türgenlere TDP-niň Dänew etrap komiteti tarapyndan höweslendiriji sowgatlar hem-de Hormat hatlary dabaraly ýagdaýda gowşurylýar. Arkadag Prezidentimiziň göreldesine eýerýän sport türgenlerine üstünlikler arzuw edilýär.

Saýýara JUMADURDYÝEWA,

TDP-niň Dänew etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.